Orkestrleriň sazlaşykly owazy
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Orkestrleriň sazlaşykly owazy

Jemgyýet
29.05.2026  37

Daşoguz welaýatynda hereket edýän çagalar sungat mekdepleriniň orkestr toparlarynyň arasynda «Bedew batly at-myradyň ýylynda owazlar sazlaşýar, ýürekler joşýar» ady bilen yglan edilen bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi. Oňa deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan orkestr toparlary gatnaşyp, bäsleşigiň şertlerine görä türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň saz eserlerini ýerine ýetirdiler.

Bäsleşigiň dowamynda ýaş sazandalar ýokary taýýarlyk derejelerini açyp görkezdiler. Netijede, 1-nji orna Daşoguz welaýat çagalar sungat mekdebi we Şabat etrabynyň çagalar sungat mekdebi mynasyp boldular. 2,3-nji orunlara, degişlilikde, Görogly etrabynyň we Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdepleriniň orkestr toparlary eýe boldular.

Ýeňijiler Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň, TMÝG-niň Daşoguz welaýat geňeşiniň ýörite baýraklary we Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Bilimli nesil — kuwwatly Watan
22.11.2025   110
Jemgyýet Halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
04.05.2026   39
Jemgyýet Aýlaryň serweri
23.02.2026   69
Jemgyýet «Awazada» guralan okuw maslahaty
04.03.2025   294
Jemgyýet Düzgünler berjaý edilmelidir
05.02.2026   101
Jemgyýet Sagdynlygyň dabaralanmasy
10.10.2024   340
Jemgyýet Kanunlar döwrebap kämilleşdirilýär
11.07.2025   192
image