Oraza tutmagyň saglyga peýdasy
weather dashoguz 11° C Daşoguz

Oraza tutmagyň saglyga peýdasy

Jemgyýet
13.03.2024  529

Türkmen halky päklige beslenip gelen Oraza aýyny ruhubelentlik bilen garşylaýar. Mukaddes aýyň gelmegine köpler sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Halkymyz täze dogan Aýy ýüzüne sylyp, ýagşy dilegler edýär. Oraza aýynda edilýän dilegler ynsany päklige, sagdynlyga, ynsanperwerlige ruhlandyrýar. Mukaddes Remezan aýy agzybirligiň, jebisligiň, asudalygyň, hoşniýetliligiň, ýagşy gylyk-häsiýetli, arassa ahlakly, göreldeli bolmak hakyndaky ýagşy doga-dilegleriň kabul bolýan aýydyr.

Mukaddes Remezan aýynda Oraza tutmak bolsa adam bedeniniň ähli ulgamyny sagdynlaşdyrýar. Adatça, yzygider işleýän iýmit siňdiriş ulgamy agyz beklän adamda birneme dynçlykda bolýar. Şeýlelikde, beden agzalarynyň zeperlenen ýeri bar bolsa, azda-kände bitişmäge mümkinçilik bolýar. Oraza adamyň ýürek-gan aýlanyş, iýmit siňdiriş ulgamyna özüniň oňaýly täsirini ýetirýär. Adam bedeniniň degna ulgamyna has köp agram düşýär. Beýnidäki dokumalar we öýjükler endamyň iň näzik, şol bir wagtyň özünde-de gurluş taýdan has ösen bölegidir. Bu dokumalar we öýjükler tutuş bedeniň nerwleri bilen baglanyşyklydyr. Her bir öýjük aýratyn wezipäni ýerine ýetirýär. Köp işleýän merkezi degna ulgamy gany köp talap edýär. Iýmit siňdiriş agzalary nahardan doly bolanda, ganyň aglaba bölegi şol tarapa gönügýär. Netijede, beýnä barýan gan azalýar, gan ýetmedik beýniniň işjeňligi peselýär. Beýni öz funksiýasyny ýerine ýetirip bilmeýändigi üçin çenden aşa nahardan doýan adam ukuçyl bolýar, kän bir hereket edesi gelmeýär. Agzyny bekleýän adamyň bolsa degna ulgamy dynç alýar, munuň özi ony köp dertden goraýar.

Ýürege damar gatama keseli, degna ulgamynyň bozulmagy hem-de aşgazanyň hemişe hereketlenip durmasy zyýan ýetirýär. Agyz beklemek gan aýlanyşyny hem kadalaşdyrýar. Oraza tutan adamyň ganynyň düzüminde holesteriniň derejesiniň peselýändigi hem anyklanyldy. Gan damarlarynyň iç ýüzünde ýygnanan holesterin bölejikleri hem ganyň akymyna garyşyp, gan damarynyň gatama keselini ýok edýär.

Nahary köp iýmek keseliň başy hasaplanylýar we adam üçin zyýanlydyr, berhiz bolsa bejerginiň başydyr.

Oraza tutmak bagry sagdynlaşdyrýar. Iýmiti siňdirmekden başlap, tutuş bedendäki himiki hadysalaryň aglabasy bagyrda bolup geçýär. Bagra agram düşdügiçe, onuň işjeňligi peselýär. Agyz beklän adamyň bagry bolsa birneme rahat bolup, ganyň düzümindäki zyýanly maddalaryň ençemesini zyýansyzlandyrmaga ukyply bolýar. Oraza bedeniň açlyga hem suwsuzlyga durnuklylygyny ýokarlandyrýar, adamyň ömrüni uzaldýar, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kada öwrülmegine ýardam edýär. Ymam Gazaly nesihatlarynda: «Oraza tutmaklyk jan üçin zekat, beden üçin taplanyş, ýagşylyga çakylykdyr» diýipdir.

Oraza tutulan ilkinji günden başlap, dürs iýmitlenmek üçin üns berilmeli zatlar, ýagny ertirlik nahary oňat kabul edilse, bedene gerek bolan energiýa ýeterlik bolýar, kaloriýalarynyň mukdary azrak bolan süýtli tagamlara köpräk üns berjek bolmaly. Iýmit siňdiriş ulgamyny sagdynlaşdyrýan gök önümleri we ter miweleri, gowrulan däl-de, gaýnadylan ýa-da buglanan naharlary köpräk iýmeli, süýji şokolad we hamyrly kökeleri azaltmaly. Fiziki maşklary ýerine ýetirip, pyýada gezelenç etmeli. Sagdyn hereket içegäniň işleýşini kadalaşdyrýar, ganyň düzümindäki şekeriň we holesteriniň mukdaryny azaldýar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ak bagtymyzyň şäheri
11.12.2025   66
Jemgyýet Döwletli ýörelgelere badalga
06.09.2025   153
Jemgyýet 8-nji mart Halkara zenanlar güni
08.03.2024   1231
Jemgyýet Yhlasly zähmet üstünligiň kepilidir
09.04.2024   369
Jemgyýet Bilim — röwşen geljegiň açary
08.09.2025   161
Jemgyýet Hemişe ýüregiňi diňle!
03.10.2025   115
image