Oraza baýramyna
weather dashoguz 13° C Daşoguz

Oraza baýramyna

Jemgyýet
26.03.2025  362

Mizemez ýörelgeleriň dabaralanmagy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze taryhy döwrümizde hem halkymyzyň gadymdan gelýän ruhy-ahlak ýörelgeleri giňden dabaralandyrylýar. Ynsanperwer häsiýete ýugrulan, adamlary bir-birege ýakynlaşdyrýan, ýagşy amallaryň berjaý edilýän mukaddes Oraza aýy milli hem mizemez ýörelgeleriň çuňňur häsiýetde amal edilýändigi bilen aýratyn tapawutlanýar.

Oraza baýramy ynsanperwerligiň we hoşniýetliligiň belent ýörelgelerini özünde jemleýän ahlak tämizliginiň we ruhy kämilligiň baýramydyr. Bu baýram halkymyzyň däp-dessurlary, ynanç-adatlary, ruhy-ahlak ýörelgeleri siňen, geljekki nesiller üçin gymmatly miras hökmünde dowamata-dowamdygy bilen ähmiýetlidir.

Mähriban halkymyz häzirki zaman dünýäsinde päkligiň, dostlugyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň nyşanyna öwrülen Oraza baýramyny tutuş döwlet derejesinde giňden dabaralandyrýar. Baýram gününiň ir säheri ýurdumyzyň ähli metjitlerinde Baýram namazy okalýar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Enelere sarpanyň beýany
06.03.2026   131
Jemgyýet Tomus — 2025
11.06.2025   268
Jemgyýet Agzybirligiň we ösüşiň gözbaşy
22.08.2026   59
Jemgyýet «Täze güni» buşlaýan sene
21.03.2024   455
Jemgyýet Halypa-şägirtlik ýörelgesine eýerip
05.07.2024   453
Jemgyýet Bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyry
16.03.2026   116
Jemgyýet Şanly ýylyň ruhy joşguny
13.08.2025   241
image