«Ol şirwan perdäňe galsana, bagşy!»
weather dashoguz 27° C Daşoguz

«Ol şirwan perdäňe galsana, bagşy!»

Medeniýet
14.04.2026  31

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, ony döwrebap derejede kämilleşdirmek, bu ugra zehinli ýaşlary giňden çekmek maksady bilen, ýylyň-ýylyna eziz Diýarymyzda giň möçberli täsirli çäreler durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýaşlaryň halkymyzyň köklerini gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan aýdym-saz sungatyna bolan höwesleriniň rowaçlanmagyna mümkinçilik döredýär. Daşoguz şäheriniň «Ýaşlar» merkezinde geçirilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Daşoguz şäher tapgyry muny bütin aýdyňlygy bilen görkezdi.

Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 35 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän bäsleşigiň bu tapgyry aýdym-saz muşdaklary üçin ýatdan çykmajak ýakymly pursatlara baý boldy.

Bäsleşikde ýerine ýetirilen aýdymdyr sazlar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň dabaralarynyň, şanly wakalarynyň waspy bolup ýaňlandy. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamyny nusgalyk derejede ösdürmek ugrunda edilýän  irginsiz tagallalardan ruhlanan zehinli ýaş bagşy-sazandalar bäsleşige has taýýarlykly gelendiklerini subut etdiler. Olar halk aýdym-sazlaryny, mukamçy kompozitorlaryň döreden eserlerini ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň, talapkär emin agzalarynyň öňünde özleriniň döredijilik ukyplaryny, zehinlerini açyp görkezdiler.

Bäsleşikde ilkinji bolup çykyş etmek Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyby Aýnur Gijikowanyň paýyna düşdi. Ol Täçmämmet Suhangulyýewiň «Bag içinde» atly aýdymyny ýerine ýetirdi. Ýene-de şol mekdebiň talyplary Mährijemal Myradowa «Aşyk oglan», Eziz Mahmudow «Mukamlar başy», Sahy Täçmedow «Ýar gara gözli» atly türkmen halk sazlaryny, Annabagt Wepaýewa «Teşnit», Nurana Magsadowa «Hatyrjem bolgun», Çeper Myratgulyýewa «Daglara», 2-nji çagalar sungat mekdebiniň direktory Gülnabat Kakabaýewa «Düşmüşem» atly türkmen halk aýdymlaryny, Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň tans toparynyň artisti Dädebaý Ýusupow «Balsaýat», Daşoguz şäherindäki 11-nji orta mekdebiň 12-nji synyp okuwçysy Pälwan Meläýew «Dutarym» diýen halk sazlaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Çykyşlaryň ählisi tomaşaçylar tarapyndan şowhunly, dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Ýaşlaryň ýerine ýetirijilik ussatlygy, sahna medeniýeti, milliligi, çeperçilik derejesi talapkär emin agzalarynyň adalatly bahasynda möhüm orun eýeledi.

Netijede, milli saz gurallarymyzyň belent owazy bilen utgaşan ajaýyp çykyşlar eminler topary tarapyndan bahalandyryldy. Ýaryşyň jemleri boýunça iň oňat netije görkezen ýaş zehinler bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijiler guramaçylar tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Meňzeş habarlar

Medeniýet Teatryň toý sowgady
04.09.2023   480
Medeniýet Ýüreklerde orun alan şahyr
30.04.2024   477
Medeniýet «Ýaňlan, Diýarym! — 2025»
03.06.2025   487
Medeniýet Peder ýoly dowamat-dowam
12.02.2026   81
Medeniýet Medeniýet hepdeligine
19.06.2025   265
Medeniýet Sungat ojagyndaky bäsleşik
21.10.2025   130
Medeniýet Berkarar döwleti islän şahyr
29.07.2024   614
image