Okuw maslahaty guraldy
weather dashoguz 35° C Daşoguz

Okuw maslahaty guraldy

Jemgyýet
02.09.2025  224

Golaýda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bereketli pagta hasylynyň ýygnalýan we saklanylýan döwründe ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň pugta berjaý edilmegine bagyşlanyp, Daşoguz welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň «Daşoguzpagta» önümçilik birleşigi bilen bilelikde guramagynda Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäherindäki pagta arassalaýjy kärhanasynda okuw maslahaty geçirildi. Oňa pagtany kabul edýän, gaýtadan işleýän kärhanalaryň tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramak bölümleriniň işgärleri, ýangyn howpsuzlygyna jogapkär adamlary, meýletin ýangyn söndürijiler toparlarynyň agzalary gatnaşdylar.

Ýangyn howpsuzlygynyň öňdebaryjy tejribelerini, ýangyn-tehniki bilimleri, oňa degişli serişdeleriň ulanylyşyny jogapkär işgärlere öwretmek maksadynda geçirilen maslahatda çykyş edenler ýetişdirilen bol hasyly ýangyndan goramakda zerur bolan çäreler, olary amala aşyrmagyň usullary hem-de ýangyn-tehniki serişdeleriniň ulanylyşy barada giňişleýin düşündiriş berdiler.

 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygyna
22.11.2024   460
Jemgyýet Bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi
13.09.2024   439
Jemgyýet Şanly toýa bagyşlanan maslahat
06.12.2025   161
Jemgyýet Kalplary kuýaşlandyrýan kitap
11.11.2025   186
Jemgyýet Suw boýunda biten garaja tal
24.01.2026   145
Jemgyýet Nesillere nusgalyk eser
05.01.2026   138
Jemgyýet Pyragynyň zybanynda tebigatyň waspy
30.10.2024   418
image