Okuw maslahaty geçirilýär
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Okuw maslahaty geçirilýär

Jemgyýet
19.07.2024  484

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesi tarapyndan welaýatyň edara-kärhanalarynda, daýhan birleşiklerinde, işgärleriň, kärendeçileriň arasynda Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň kadalaryny we zähmeti goramak, sagdyn, howpsuz iş şertlerini döretmek bilen bagly kanunçylyk namalaryny düşündirmek boýunça okuw maslahatlary guramaçylykly geçirilýär.

Ýakynda şeýle çäreleriň biri TKA-nyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap birleşmesi tarapyndan etrabyň pagta egriji fabriginde guraldy. Oňa welaýat, etrap birleşmeleriniň jogapkär işgärleri, etrabyň edara-kärhanalarynyň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça hünärmenleri, KA-nyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Bu ýerde edilen çykyşlarda Garaşsyz Diýarymyzda ynsan saglygyny goramakda, adamlar üçin iň amatly durmuş, zähmet we dynç alyş şertlerini döretmekde ýetilen ýokary sepgitler hakynda buýsançly gürrüň edildi. Şonuň ýaly-da, zähmetkeşleriň iş we zähmet şertlerini ýokarlandyrmakda, jemgyýetimizde agzybirligi we jebisligi pugtalandyrmakda, edara-kärhanalarda tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramak boýunça alnyp barylýan işlere jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrmakda kärdeşler arkalaşyklarynyň alyp barýan işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak barada durlup geçildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Watanymyzyň durmuşynda taryhy waka
18.07.2025   284
Jemgyýet Kömelek — hem tagam, hem şypa
30.04.2026   121
Jemgyýet Ýaşlaryň döredijilik gözlegleri
28.10.2024   356
Jemgyýet Ýaşlara raýatlyk pasporty gowşuryldy
14.05.2026   103
Jemgyýet Mähir ummany
04.11.2025   229
Jemgyýet Täze ösüşlere badalga
14.01.2026   161
Jemgyýet Mekdep bazarlary ilatyň hyzmatynda
12.08.2024   486
image