Okuw maslahaty geçirildi
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Okuw maslahaty geçirildi

Jemgyýet
30.12.2025  185

Golaýda ýurdumyzyň Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Daşoguz welaýat häkimliginiň kiçi mejlisler zalynda okuw maslahaty geçirildi. Oňa welaýat, şaher, etrap häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, saýlaw toparlarynyň agzalary gatnaşdylar.

Okuw maslahaty «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek, saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny gazanmak maksady bilen geçirildi.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň saýlawlary guramaçylykly geçirmek baradaky uly aladalarynyň netijesinde, ýurdumyzda saýlawlaryň demokratik esasda, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Saýlaw kodeksine, şeýle hem umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda geçirilýändigi dogrusynda uly buýsanç bilen gürrüň etdiler. Şeýle-de, degişli kanunçylyga laýyklykda saýlawçylaryň bitewi sanawyny döretmek we ýöretmek bilen bagly wezipeler barada giňişleýin düşündiriş berildi.

Soňra maslahatyň gün tertibine seredilen meseleler boýunça özara sowal-jogap alşyldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Maslahat geçirildi
02.05.2024   434
Jemgyýet Täze eýýamda nesil terbiýesi
03.10.2024   308
Jemgyýet Muny bilmek gyzykly
10.02.2025   341
Jemgyýet Şa serpaýy — belent hormat
18.12.2025   138
Jemgyýet Parahatçylygyň kepili
18.07.2025   253
Jemgyýet Bedew batly Türkmenistan
20.01.2026   135
Jemgyýet Milli ýörelgeler — ýaşlara görelde
20.06.2024   456
Jemgyýet Naryň peýdasy
13.10.2025   305
image