Okuw-hyzmat ediş merkezi açyldy
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Okuw-hyzmat ediş merkezi açyldy

Ykdysadyýet
12.12.2024  350

Halkara Bitaraplyk baýramynyň öňüsyrasynda Daşoguz şäherinde «Kamaz» okuw-hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu döwrebap merkez welaýat merkezinden halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda, täze iri ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynyň ýanynda bina edildi.

Mälim bolşy ýaly, dünýä meşhur kompaniýanyň nobatdaky tehniki hyzmat ediş merkeziniň gurlup ulanmaga berilmegi berkarar döwletimiziň dost-doganlyk döwletler bilen ykdysady-syýasy hyzmatdaşlygy ilerledýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Täze okuw-hyzmat ediş merkezi esasy dolandyryş binasy bilen birlikde, ammar binasyny we abatlaýyş bölümini öz içine alyp, döwrebap tehniki toplumy emele getirýär.

Açylyş dabarasy mynasybetli bu ýerde çykyş edenler ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde netijeli işleri alyp barýandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Çykyş eden myhmanlaryň belleýşi ýaly, şeýle okuw-hyzmat ediş merkezleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bina edilýär. Şeýle hem dabaranyň dowamynda merkeziň gurluşygynda zähmet çeken gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Aýdym-sazyň hoş owazy bilen al-asmana uçurylan şarlar dabaranyň şowhunyny has-da arşa göterdi.

Soňra myhmanlar merkezde döredilen şertler bilen ýakyndan tanyşdylar. Merkeziň gurluşygyny «Ysmaýyl gurluşyk hyzmatlary» hususy kärhanasynyň işçileri bina etdiler. 1 gektar meýdany eýeleýän merkeziň çäginde Kamaz awtoulaglaryny abatlamak, olara tehniki hyzmat etmek üçin ähli şertler döredilendir.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Galla-2026
15.06.2026   104
Ykdysadyýet Daýhan yhlasynyň ajaýyp netijeleri
28.07.2025   230
Ykdysadyýet Täze kärhananyň döwrebap önümleri
02.07.2026   115
Ykdysadyýet Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
15.11.2024   304
Ykdysadyýet Ak ýollar — rowan ýollar
06.02.2025   296
Ykdysadyýet Köpçülige derwaýys önümler
31.01.2026   152
Ykdysadyýet Görkana gülleriň aşygy
14.03.2025   329
image