Ökdeler öňe saýlandy
weather dashoguz 4° C Daşoguz

Ökdeler öňe saýlandy

Jemgyýet
28.01.2025  178

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň tikinçilik bilen meşgullanýan, kesbinden kemal tapyp, el işlerini ýerine ýetirmekde hem-de milli lybaslary ýaýbaňlandyrmakda ussatlyk görkezýän ýurdumyzyň ezber elli tikinçi zenanlarynyň arasynda yglan eden «Hünärim bar — hormatym bar» atly hünär bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi.

Bäsleşige gatnaşan zenanlar ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, zenanlaryň öz mümkinçiliklerini açyp görkezmekleri üçin döredilýän şertler, şeýle hem zähmet çekýän kärhanalaryny, onda tikilýän milli lybaslaryň özboluşly aýratynlyklaryny, el hünärlerine höwesi artdyrmakda alyp barýan işlerini uly buýsanç bilen wasp etdiler. Bäsleşigiň şertine görä, bellenen wagtyň dowamynda kiçijik gyzjagaz üçin köýnek biçip we tikip, gyzjagazyň egnine geýdirip, onda ýerine ýetirilen işleri çeper söz bilen beýan etdiler.

Soňra bäsdeşler öz tiken eşiklerini geýnip, döwrebap milli lybaslaryny çeper sözleriň, goşgy setirleriniň, rowaýatlaryň we gazallaryň üsti bilen wasp etdiler. Çekeleşikli geçen bäsleşikde eminleriň gelen netijesi boýunça Köneürgenç etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň kitaphanaçysy Läle Atdanowa 1-nji orna, Şabat etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Mähri Orazkulyýewa 2-nji orna, Akdepe etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň mugallymy Şöhle Gaýypowa 3-nji orna mynasyp bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Ýeňijilere we bäsleşige gatnaşanlara TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bäsleşigiň dowamynda welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary bäsleşige gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Mähir ummany
04.11.2025   28
Jemgyýet Wagyz-nesihat maslahaty
25.11.2024   222
Jemgyýet Awazanyň sapaly goýnunda
12.11.2024   249
Jemgyýet Tebigata söýgi — Watana buýsanç
23.07.2024   278
Jemgyýet Sagdyn durmuş wagyz edildi
21.06.2024   298
Jemgyýet Söhbetdeşlik geçirildi
01.08.2025   83
image