Ýurdumyzda oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Şäher bilen egin deňläp ösýän obalarymyzyň gözel keşbini synlamaga göz gerek. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ösüşli, özgerişli ýollarynda oba adamlary eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ruhy galkynyşyny başdan geçirýän bagtyýar oba adamlarynyň arasynda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Aşyr Kakabaýew adyndaky şäherçesiniň ýaşaýjylary hem bar.
Şäherçäniň merkeziniň we onuň çägindäki Harmanjyk, Garaoý, Şirwan, Gojukgala, Garawulgala, Şarawýap obalarynyň adamlary obasenagat, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda göreldeli zähmet çekmegiň ajaýyp nusgasyny görkezýärler. Şäherçäniň çäginde birnäçe medeni-durmuş maksatly binalar bolup, olar oba ilatynyň medeni derejesiniň ýokarlanmagyna hyzmat edýär. Häzirki zamanyň maglumat, multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen 7 sany umumybilim berýän orta mekdeplerde ýaşlar döwrebap bilim alýarlar. Şäherçäniň merkezindäki 200 orunlyk bakja-bagynda zamanamyzyň bagtyýar körpeleri terbiýelenýärler. Döwrebap görnüşli medeniýet öýi şäherçäniň merkezine özboluşly görk berýär. Bu ýerde geçirilýän dürli görnüşli medeni çäreler oba adamlaryny joşgunly zähmet çekmäge höweslendirýär. Medeniýet öýünde aýdym-saz, tans, şekillendiriş we amaly-haşam, çeper okaýyş gurnaklary hereket edip, bu ýerde ýaşlaryň sungatyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilipdir. Bu ýerde hereket edýän etrap kitaphanasynyň şahamçasynyň 4 müňden gowrak kitap gaznasy bar. Şäherçäniň çäginde 6 sany oba saglyk öýi bolup, olarda oba ilatynyň saglyk ýagdaýy hasaba alynýar, eli ýeňil lukmanlar tarapyndan olara degerli maslahatlar berilýär. Şäherçäniň merkezindäki oba saglyk merkezinde USB, EKG, maşgala lukmanlarynyň otaglary bolup, olar häzirki zamanyň iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde öz kärine ökde, tejribeli lukmanlaryň ençemesi oba ilatynyň saglygyny dikeltmek, keselleriň öňüni almak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.
Daşoguz welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk dolandyryş edarasynyň agyzsuw zawody şäherçäniň we onuň çägindäki obalaryň ilatyny ençe ýyllardan bäri arassa agyz suwy bilen üpjün edip gelýär. Ol gije-gündiziň dowamynda 280 kub metrden gowrak arassa agyz suwuny öndürýär. Etrap alyjylar jemgyýetiniň bu ýerdäki çörek sehinde dürli görnüşli çörek we çörek önümleri bişirilip, ähli obalaryň ilatyna ýetirilýär.
Aşyr Kakabaýew adyndaky şäherçäniň merkezi hem-de onuň çägindäki obalaryň hemmesi gür baglyga bürenip otyr. Bu ýerde öz kärine ökde bagbanlaryň ençemesi ýaşaýar. Olar bagbançylygyň inçe syrlaryny öz şägirtlerine irginsiz öwredýärler.
Şäherçäniň çäginde «Derýalyk» gaz gysyjy desgasy, «Şirwan» pagta arassalaýjy kärhanasy ýaly iri senagat kärhanalary ýerleşýär. Oba ilatynyň agramly bölegi kärendeçilik usulynda zähmet çekip, pagtanyň, bugdaýyň, dürli gök-bakja ekinleriniň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Halal zähmet çekip, Watana hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezýän oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ösýär. Olar halal gazanjy bilen ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynda eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýarlar.