Soňky sanlyja ýyllaryň içinde ýurdumyzyň çar künjünde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň çäginde hem birnäçe durmuş-medeni maksatly binalar, önümçilik kärhanalary gurlup ulanmaga berlip, obalarymyzyň keşbine üýtgeşik gözellik çaýylýar. Şolaryň hatarynda etrabyň Akgala geňeşliginiň obalaryny aýtmak bolar. Geňeşlik çäginiň tutýan meýdany we ilaty boýunça etrapda uly geňeşlikleriň biri bolup durýar. Häzirki döwürde geňeşlikde 21396 ilat bolup, 2925 hojalyk Geňeşiň öý hojalyk kitabynyň ýazgysynda durýar. Geňeşligiň Akgala, Gyzylýer, Gumly, Jelaleddin, Köçerýap, Uýgurýer, Horezm, Hywaçyoý obalarynda dürli milletiň wekilleri agzybir ýaşaýarlar hem-de zähmet çekip, ýurdumyzyň ähli babatdaky ösüşine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Soňky ýyllarda Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde geňeşligiň Gyzylýer obasynyň çäginde 160 orunlyk döwrebap çagalar bagy gurlup ulanmaga berildi. Bu ýerde häzirki wagtda çagalaryň ýüzlerçesi terbiýelenýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Köçerýap obasynyň çäginde Köneürgenç pagta egriji fabriginiň, ýyladyşhana toplumynyň, agyz suw kärhanasynyň gurlup ulanmaga berlendigini hem aýratyn bellemek gerek. Bu döwrebap önümçilik kärhanalarynda ýaşlaryň ýüzlerçesi zähmet çekýär, bu ýerde öndürilýän önümler diňe içerki bazarlara däl, eýsem, daşary ýurt bazarlaryna hem eksport edilýär. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha ýokarlanmagyna uly goşant bolup durýar.
Geňeşlikde 5 sany orta mekdep hereket edip, olarda 4772 çaga döwrebap bilim-terbiýe alýar. Geňeşligiň merkezi Akgala obasynda 350 orunlyk medeniýet öýi, kitaphana işleýär. Şeýle hem dermanhana, 1 sany oba saglyk merkezi, 6 sany oba saglyk öýi hereket edip, ýaşaýjylaryň saglygyny goramak ugrunda gije-gündiz hyzmat edýär.
Raýatlarymyz ýurdumyzda hususyýetçilik pudagyny ösdürmäge-de mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Häzirki döwürde geňeşligiň çäginde telekeçilik işi bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Olar önüm öndürmekde, söwda-satuw işlerinde, awtoulaglara hyzmat etmekde, agaçdan dürli öý goşlaryny ýasamakda we beýleki ugurlarda işeňňirlik görkezýärler. Söwda nokatlarynyň 15-sinde gündelik azyk, gurluşyk we beýleki harytlar bilen ýaşaýjylara yzygiderli söwda hyzmatlary edilýär, «Akgala» ady bilen döwrebap toýhana hem hereket edýär.
Geňeşligiň ilatynyň aglabasynyň daýhançylyk, ekerançylyk bilen meşgullanýandygyny hem aýratyn bellemek gerek. Bu ýerde ýer bilen bagry badaşan, bereketli türkmen topragyndan rysgal-döwlet tapan kärendeçiler näçe diýseň bar. Olaryň yhlasly, ýadawsyz çekýän zähmeti netijesinde her ýyl pagta, bugdaý, gök-bakja ekinleriniň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär, olar azyk bolçulygynyň döredilmegine hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Hut şonuň üçin hem «Akgala» daýhan birleşigi diňe bir etrapda däl, eýsem, welaýatda adygan hojalyklaryň hatarynda tanalýar.
Geňeşligiň çäginde alnyp barylýan işler halkymyzyň bagtyýar, bolelin durmuşyny üpjün etmek bilen, häzirki bagtyýar döwrüň datly miweleri bolup durýar.