Oba hojalygynda telekeçilik ösdürilýär
weather dashoguz 26° C Daşoguz

Oba hojalygynda telekeçilik ösdürilýär

Jemgyýet
09.04.2026  44

Garaşsyz ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda telekeçileriň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin döredilýän şertleri wagyz etmek maksadynda, TSTP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň TSTB-niň Daşoguz welaýat bölümi hem-de Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. TSTB-niň welaýat bölüminiň mejlisler eýwanynda guralan bu çärä telekeçileriň, şeýle hem agzalan orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň uly topary gatnaşdy.

Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işlere telekeçileri hem giňden çekmek baradaky başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, mundan ýerlikli peýdalanýan telekeçileriň guwandyryjy netijelere eýe bolýandyklaryny, telekeçileriň sanynyň barha artýandygyny bellediler. Şeýlelikde, zähmetsöýer telekeçiler dürli görnüşli oba hojalyk önümlerini öndürip, olaryň bazar bolçulygyna uly goşant goşýarlar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Şanly ýylyň şanyna
26.02.2026   57
Jemgyýet Muny bilmek gyzykly
10.02.2025   289
Jemgyýet «Talyp joşguny» bäsleşigi geçirildi
07.12.2024   287
Jemgyýet Beýik işlere buýsanç
05.07.2025   184
Jemgyýet «Bilimli nesil — kuwwatly Watan»
25.08.2025   149
Jemgyýet Bäsleşigiň döwlet tapgyry
27.04.2026   20
Jemgyýet Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet
20.04.2024   528
image