Gadymy döwürlerden bäri bedew at türkmeniň uçar ganaty, uzak ýolda ýoldaşy, söweşde syrdaşy, münse ulagy, toýlarynyň bezegi hasaplanypdyr. «Görogly» eposynda mert ýigitleriň söweş ýoldaşy bolan arassa ganly bedewleriň ýetişdirilişi täsirli beýan edilýär, seýisçilik ýörite bir hünär hökmünde getirilýär. Eserde başdan-aýak hereket edýän, Görogly begi hem-de onuň söweş ýoldaşy Gyraty ösdürip ýetişdiren Jygalybeg ajaýyp hünäre eýelik edýär. Jygalybeg atlaryň reňkine garap, olaryň häsiýetlerini kesgitläpdir. Eposda Görogly Gyrata: «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin» diýip ýüzlenýär. Bu eserde «Gyratyň ogurlanyşy» şahasy ýörite atlaryň gadyr-gymmatyna bagyşlanypdyr. Şadessanda erenler Görogludan üç zady dilemegi towakga edenlerinde, ol özüne we atyna 120 ýaş dileýär.
Beýik söz ussady Magtymguly Pyragy şygyr düzmek bilen birlikde, ýonaçylyk hünärini ussatlyk bilen dowam etdiripdir. Türkmeniň uçar ganaty hasaplanylýan bedewlere ýona tikipdir. Ol öz döredijiliginde goç ýigitler bilen birlikde, olaryň söweşde ýoldaşy bolan atlara-da uly orun beripdir. Şahyr «Atça bolmaz» şygrynda şeýle diýýär:
Atda aýak bolsa, özge syn bolmaz,
Ärde gaýrat bolsa, işi kyn bolmaz...
Magtymguly Pyragynyň mertlik, gahrymançylyk barada ýazan eserlerinde-de bedew atlara uly orun berilýär.
Türkmen nusgawy şahyry Gurbanaly Magrupy «At ýagşydyr» goşgusynda we «Ýusup-Ahmet» dessanynda adaty durmuşda we söweş meýdanynda atlaryň tutýan orny barada belläp geçýär. Abdylla Şabendäniň döredijiliginde türkmeniň bedew atlarynyň taryplanmagy ýöne ýerden däl. Bu şahyryň ökde atşynas bolandygy bilen baglanyşyklydyr. Ol «Arap at» goşgusyny ýazyp, bedew atlara buýsanç bilen garaýar.
Türkmeniň nusgawy şahyry, belli serkerde Seýitnazar Seýdi bolsa ahalteke bedewlerini wasp edip, «Üsti bedewiň» diýen ajaýyp eserini döredipdir. Annagylyç Mätäji «Bedew» diýen şygrynda türkmen bedewlerini uly söýgi bilen wasp edipdir.
Bäşleme görnüşinde ýazylan bu goşgy okalanda, gamyşgulak bedewleriň syratly keşbi göz öňünde janlanýar.
Misgingylyjyň «Arap at ýagşy» diýen eseri şahyryň Watan hakyndaky duýgularynyň özboluşly ýüze çykmasydyr. Bu eserde at milli baýlyk hökmünde şekillendirilýär. Öweztagan Kätibiniň «At wepadary ýigidiň», Döwletmämmet şahyryň «Gyrat senden aýrylgaly», «Taý görüner» goşgularyny, Baýram şahyryň «Gyr at», «Arap atlar», «Meläniň» goşgularyny muňa mysal edip görkezmek bolar. Bu goşgularda şahyrlar gaçsa gutulýan, kowsa ýetýän ýyndam ahalteke atlaryny taryp edýärler.
A.Gowşudow «Dordepel» powestinde türkmen halkyny ýowuz duşmandan halas eden Dordepel diýen atyň keşbini ýokary derejä ýetiripdir.
Şahyr Kakamyrat Rejebow Milli Liderimiziň ak ata atlanyp, Köpetdagyň gözel künjegine gezim etmäge çykan pursatlaryny şeýle wasp edýär:
Türkmeniň Gerçegi ata atlanýar!
Türkmeniň Geljegi ata atlanýar!
Döwürleriň, heňňamlaryň mizemez
Mertebe ölçegi ata atlanýar!
Bu günki gün türkmen bedewiniň şan-şöhraty täze belentliklere göterildi. Bedewe bolan söýgi türkmeniň ýüreginiň töründedir. Munuň şeýledigine Milli Liderimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew» atly kitaplaryny okanyňda-da göz ýetirmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» kitaby hem behişdi bedewlerimize bagyşlanan ajaýyp eserdir.