Nurana baýramçylygyň şatlygy
weather dashoguz 3° C Daşoguz

Nurana baýramçylygyň şatlygy

Jemgyýet
31.12.2024  52

Täze ýyl her bir ynsana şadyýanlyk, ruhubelentlik we bagtyýarlyk eçilýän baýramlaryň biridir. Esasan hem, bagtyýar çagalar bu baýramdan ertekilere mahsus jadyly, täsin hem-de şowhunly pursatlara garaşýarlar. Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçirilen dabaralar ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly Daşoguz welaýatynda-da uly ruhubelentlige beslendi.

Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda guralan «Hoş geldiň Täze ýyl, eziz Diýara!» atly aýdym-sazly dabara şeýle häsiýete eýe boldy.

TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň, welaýat kazyýetiniň hem-de teatryň döredijilik toparynyň bilelikde guramagynda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabarasy şowhunly sahna oýunlary bilen utgaşdy. Ertekiler dünýäsiniň şadyýan başdangeçirmeleri, şowhunly aýdymlar baýramçylyk ruhubelentligini döretdi. Bagtyýar körpeleriň ertekilerdäki, multfilmlerdäki söýgüli gahrymanlary bilen täsin duşuşygyna öwrülen bu dabara olaryň ýadynda galjak bagtyýarlyk pursatlaryna öwrüldi.

Täze ýyl baýramynyň arzyly myhmanlary bolan Aýazbabadyr Garpamygyň peýda bolmagy dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Bagtyýar çagalaryň ýerine ýetiren şygyrlary, aýdymlary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Dabara özboluşly mazmun bagyşlan çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan beýik işleriň, bagtyýar çagalygyň we Täze ýyl baýramynyň waspy ýetirildi. Baýramçylyk dabarasynda ýaş nesillere TKA-nyň welaýat birleşmesiniň taýýarlan sowgatlary gowşuryldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Duşuşyk geçirildi
06.09.2024   81
Jemgyýet Işjeňligiň döwrebap nusgasy
07.09.2024   100
Jemgyýet Magtymguly — ynsanyýet şahyry
16.12.2024   63
Jemgyýet Şadyýan gyzjagazyň üstünligi
19.03.2024   198
Jemgyýet Ebedi dostlugyň dabaralanmagy
27.02.2025   37
Jemgyýet Ýaşlaryň döredijilik gözlegleri
28.10.2024   73
Jemgyýet Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
14.10.2024   102
image