Nowruz — Zeminde täzelenişiň gözbaşy
weather dashoguz 25° C Daşoguz

Nowruz — Zeminde täzelenişiň gözbaşy

Jemgyýet
21.03.2025  309

Milli bahar baýramy mynasybetli  Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap häkimliginiň, TDP-niň Daşoguz welaýat we etrap komitetleriniň bilelikde guramagynda Altyn ýol geňeşligindäki Dilewar oba medeniýet öýünde «Nowruz — Zemindäki ýaşaýşyň ajaýyp güni» ady bilen geçirilen aýdym-sazly dabara uly ruhubelentlige beslendi.

Dabaranyň dowamynda çykyş edenler Halkara Nowruz gününiň taryhy ähmiýeti hakynda aýratyn nygtadylar. Milli däplerimiziň, dost-doganlygyň hem-de agzybirligiň dabaralanýan baýramy bolan Milli bahar baýramyny halkymyz giň gerimde toýlaýar. Bular barada çykyş edenler buýsançly belläp geçdiler.

Dabaranyň dowamynda etrabyň medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň şatlygyny has-da artdyrdy.

 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
25.09.2024   374
Jemgyýet Düzgünler berjaý edilmelidir
29.10.2024   347
Jemgyýet Dost-doganlygyň aýdyň nyşany
13.09.2025   152
Jemgyýet Ynama ygrarlylygyň belent nusgasy
16.03.2026   67
Jemgyýet WATAN GERÇEGI SARPALANDY
09.05.2025   286
Jemgyýet «Awaza» dost-doganlygyň mekany
01.08.2025   161
Jemgyýet Baýramçylyga bagyşlanylan sergi
26.10.2024   316
Jemgyýet Mertebeli menzilleriň şatlygy
04.04.2025   333
image