Nesillere nusgalyk eser
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Nesillere nusgalyk eser

Jemgyýet
05.01.2026  119

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp kitaby berkarar döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik taglymatynyň we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň çeper beýany bolup, türkmen Bitaraplygynyň abraý-mertebesini bütin dünýäde dabaralandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden we pähim-parasadyndan kemal tapan bu gymmatly kitap çeper söze, kitaba uly sarpa goýýan halkymyz üçin ajaýyp serpaý boldy. Şol sebäpli hem bu gymmatly kitabyň gözel Diýarymyzyň ähli künjeginde giňden ýaýbaňlandyrylýan tanyşdyrylyş dabaralary uly ruhy joşguna, şatlyk-şowhuna beslenýär. Şeýle dabaralar Daşoguz welaýatynyň ähli künjeginde hem bagtyýar ildeşlerimiziň ýürek buýsançlarynyň, egsilmez hoşallyklarynyň beýanyna öwrülýär.

Golaýda TDP-niň Daşoguz welaýat, şäher komitetleriniň, Daşoguz şäher häkimliginiň hem-de şäher medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Şabat etrabynyň Altynýol oba medeniýet öýünde geçirilen dabara syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly hem ýaş nesliň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Dabarada Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Hanbaý Saparow, mährem ene Nurjemal Jumageldiýewa, TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Merdan Meredow, welaýat çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Saýat Nurmedowa, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy Şatlyk Hudaýberdiýew, institutyň talyby Gülşirin Kurbanowa dagy çykyş etdiler.

Çykyş edenler täze eseriň merdana pederlerimizden miras galan özara ylalaşyklylyk, hoşniýetlilik, dost-doganlyk, jebislik ýaly ýörelgeleriniň dünýä ýüzüne parahatçylygy wagyz edýän türkmen Bitaraplygynyň çuňňur mazmunynda jemlenýändigini açyp görkezýän gymmatly gollanmadygyny buýsanç bilen nygtadylar. Şeýle hem çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň gymmatly eseriniň üsti bilen müdimilik buýsanjymyz bolan Bitaraplygymyzyň şöhratyny dünýä ýaýmak, gymmatyny açyp görkezmek, ony geljekki nesillere ýetirmek babatda parasatly syýasy filosofiýanyň döredijilik beýanydygyny buýsanç bilen bellediler.

Dabaraly maslahatyň dowamy şäher medeniýet merkeziniň aýdym-saz toparynyň ata Watanymyzy, bagtyýar şu günümizi wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Arkadagyň dünýä uzan ak ýoly
19.03.2025   320
Jemgyýet Bagtyýarlygyň buýsançly söhbedi
04.04.2025   346
Jemgyýet Watanyň bagtyýar nesilleri
24.05.2024   414
Jemgyýet Ussat  zenanlarymyzyň üstünligi
25.07.2025   239
Jemgyýet Şanly ýylyň şanyna
26.02.2026   90
Jemgyýet Gül baharyň waspy
04.03.2026   97
Jemgyýet Abadan durmuşyň kepili
10.12.2025   142
Jemgyýet Saglyk sahawatynyň saýasynda
24.08.2024   375
image