Nesil saglygynyň goragynda
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Nesil saglygynyň goragynda

Jemgyýet
15.08.2026  120

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň  Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda  diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny berkitmek boýunça geçiren ýokary derejeli milli «tegelek stol» maslahatyny wagyz etmek maksady bilen, TZB-niň Daşoguz welaýat bölümi «Sagdyn ene — sagdyn çaga, sagdyn geljek» atly wagyz-nesihat maslahatyny geçirdi.

«Daşoguz» myhmanhanasynda geçirilen maslahata şäher we etrap zenanlar bölümleriniň başlyklary, Mejlisiň zenan deputatlary, welaýatyň edara-kärhanalarynyň zenan ýolbaşçylary, zenanlar guramasynyň işjeň agzalary hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, mährem eneler ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Maslahatda welaýat häkiminiň orunbasary, welaýat zenanlar bölüminiň başlygy Ogulaltyn Çerkezowa çykyş edip, ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamagyň çaganyň sagdyn ösmeginde, enäniň saglygyny goramakda, onuň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde örän möhüm bolup durýandygyny nygtady.

Soňra mährem ene Nurjemal Jumageldiýewa, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ogulşad Durdymedowa, welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Bahargül Ýazyýewa, Daşoguz şäheriniň 1-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Dürli Toýlyýewa, welaýat stomatologiýa merkeziniň baş lukmanynyň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji Çemen Öräýewa, welaýat AIDS-niň öňüni alyş merkeziniň başlygy Nurjemal Sumbarowa, welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek bölüminiň lukmany Sähra Annageldiýewa dagy çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda, ýurdumyzda ynsan saglygynyň ähli zatdan ileri tutulýandygy, bu babatda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça lukmanlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we beýleki ulgamlaryň bilelikdäki tagallalarynyň zerurdygy hem-de çagany dürli kesellerden gorap, sagdyn ösmegi, ene bilen çaganyň arasyndaky mähirli gatnaşygy berkitmekde ähmiýetiniň uludygy barada giňişleýin gürrüň etdiler. Ýurdumyzda çagany  ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak, wagyz etmek boýunça ýörite maksatnama kabul edilip, bu babatda köp işleriň durmuşa geçirilýändigini belläp geçdiler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Parahatçylygyň gül ysyny ýaýradyp
13.11.2025   195
Jemgyýet Jana şypaly melhemler mesgeni
22.07.2025   407
Jemgyýet Baýramçylyk sowgady gowşuryldy
05.03.2025   401
Jemgyýet Döredijilik sergisi
01.10.2026   26
Jemgyýet Şanly ýylyň şanyna
10.04.2026   126
Jemgyýet Ýagşy habarlaryň ýarany
12.03.2026   145
Jemgyýet Dost-doganlygyň aýdyň nyşany
13.09.2025   216
Jemgyýet Halk Maslahaty: beýik işlere anyk ugur
15.09.2026   52
image