Halkymyz geçmişde maddy we medeni gymmatlyklaryň täsin hem görnükli nusgalaryny döredipdir. Taryhdan gözbaş alýan milli medeni gymmatlyklarymyz dürli döwürlerde halkymyzyň şöhratyny beýgeldip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aýratyn sarpa, belent mertebä eýe bolýar. Ene-mamalarymyzyň ýiti zehininden döräp, häzirki döwrümize çenli asyl nusgalary ýitirilmän, mynasyp dowam etdirilýän şeýle gymmatlyklar halkymyzyň müdimiligini, baý mirasa eýedigini ykrar edýär.
Şeýle gymmatlyklarymyzyň iň naýbaşysy gyz-gelinleriň on barmagynyň oýnamyndan döreýän nepis türkmen halysydyr. Haly sungaty barada halkymyzda «Bir okana bar, birem dokana», «Haly düşek törde ýagşy», «Öý bezegi —haly, gyz görki — näzi» ýaly birnäçe aýtgylar bar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bu ajaýyp sungat barada «Arşyň nepisligi» atly kitabynda: «Haly halkymyzyň gadymy hem müdimi sungatydyr. Gözelligi, nepisligi, öwşün atýan reňkleri bilen göreni haýrana goýýan halylar halkymyzyň ruhy ahwalydyr» diýip belleýär.
Ömrüni halyçylyga bagyşlap, bu käre köňül beren ussat halyçylar ýurdumyzda aýratyn hormatlanýar. Şolaryň biri hem hormatly Prezidentimiziň sahawatly çözgüdi bilen «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada mynasyp bolan Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Daşoguz haly önümhanasynyň halyçysy, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Kurbanaý Genjäýewadyr. Zähmetsöýerligi, yhlaslylygy durmuşyna hemra edinip, bu kärden döwlet tapan halyçy zenan bilen duşuşanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:
— Haly sungatyna bolan höwesim çagalykda döredi. Halynyň çitimi, ony erişlere berkitmek üçin darak bilen kakmak entek kiçijik çagakam ünsümi hemişe özüne çekerdi. Doganym haly dokansoň, onuň her bir hereketini yzarlardym. Ulaldygymça bu hünäre has-da yhlasly ýapyşdym. Bu ugurda maňa ilkinji halypalyk eden Kutlybike Şyhyýewadyr. Ol maňa haly dokamagyň inçe tärlerini içgin öwretdi. Indi 35 ýyl bäri halyçylyk sungatyna köňül berip, önümhanamyzda zähmet çekip gelýärin. Häzirki wagtda şägirtlerim Rena Atajanowa, Miýesser Ýagşymyradowa, Gülzada Dawletowa, Dilnaza Koçkarowa, şeýle-de gyzym hem agtygym haly dokamagy ürç edip, bu asylly sungaty dowamata atarýarlar.
Häzirki galkynyşly döwrümizde halyçylyk pudagyna uly ähmiýet berlip, halyçy zenanlaryň döredijilikli we öndürijilikli işlemekleri üçin ähli amatly şertler döredilýär. Ussat halyçylarymyz haly önümhanamyzda uly joşgun bilen zähmet çekýärler. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde göreniňde kalplary Günüň çogy kimin ýyladýan türkmen halysynyň baýramy her ýylda uly ruhubelentlige beslenip bellenilip geçilýär. Türkmen halyçylyk sungatynyň
ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa Ýer ýüzünde türkmen halysynyň döreýiş taryhyny öwrenmek, zenanlaryň mertebesini beýgeltmek, hormatlamak ýaly aýratynlyklary, olaryň döredýän şeýle nepis işleriniň dünýä ýüzünde sarpalanmagy üçin şert döredýänligi bilen gymmatlydyr.
Türkmen halysy tebigat bilen arabaglanyşygy örän ýiti bolan sungat eseridir. Onuň esasy aýratynlyklarynyň biri-de tebigy boýaglardan alynýan ýüplüklerden dokalýandygy. Halylar halkymyzyň geçmişiniň, tebigy gözellikleriniň, dagynyň-düzüniň, sähra-çölleriniň gözelliginiň bir eserde jemlenmesidir diýsek, ýalňyş bolmasa gerek.
Bagtyýar döwrümizde çagalygymdan höwes eden hünärim bu günki gün döwlet derejesinde belent hormata mynasyp bolmagyma getirdi. Şeýle beýik dereje ykbalyma täzeçe öwüşgin, aýratyn mazmun çaýdy. Täze gözleglere ymtylmaga, ruhubelent işlemäge bolan höwesimi artdyryp, bu beýik sungatyň dünýäde öňküden-de şöhratlanmagyna goşant goşmakda yhlasly işlemäge itergi berdi.
Goý, halkyň kalbyna deňelýän nepis halylarymyz her bir türkmen ojagynyň arzyly törüni bezäp dursun!