Türkmeniň beýik sungatynyň ösüp, biziň şu günümize, şeýle kämil ýagdaýda gelip ýetmeginde halypa-şägirtlik ýolunyň orny uludyr. Daşoguz şäher bagşylar muzeýinde geçmişde ýaşap geçen halypa bagşy-sazandalar baradaky maglumatlary toplamak we olary geljekki nesillere ýetirmek esasy wezipe bolup durýar. Biziň gürrüňimiz halypa bagşy Nazar baga Morsy ogly barada.
Nazar baga zamanasynyň halypa bagşylarynyň biri. Ýomut-gökleň ýolunyň ussady, aýdym-saz äleminiň parlak ýyldyzy Nazar baga 1873-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Alilioý diýen ýerinde dünýä inýär. Olaryň maşgalasy Nazar heniz ýaş oglanka Gubadag etrabynyň Bagalar obasyna göçüp gidýär. Nazar baga ýomutlaryň baga tiresinden bolansoň, onuň adynyň yzyna tiresiniň adyny tirkäp, oňa Nazar baga diýipdirler. Onuň kakasyna Morsy baga diýer ekenler. Kiçijik Nazaryň aýdym-saza bolan höwesini ilki duýan Morsy aga bolýar. Ol şol mahallar öz döwrüniň belli bagşy-sazandalary bilen gatnaşar eken. Bir gezek olara meşhur Garadäli Gökleňiň şägirdi Sapar süýrentgi myhmançylyga gelende, Nazara aýdym aýtdyryp, ony synap görýär. Onuň aýdym aýdyşyna syny oturan halypa Nazary öz ýanyna şägirtlige alyp gaýdýar. Şeýdip, geljekki ussat Sapar süýrentgiden tälim alýar.
Nazar baga ilki-ilkiler tirme aýdymlary aýdypdyr. Ýigit çykandan soňra, dessançylaryň däbine eýerip, «Hüýrlukga-Hemra», «Şasenem-Garyp» dessanlaryny toýlarda aýdyp ugraýar. Şeýle hem «Görogly» şadessanynyň birnäçe şahasyny aýdýar. Ol biçak gyňyr häsiýetli adam bolupdyr. Onuň ägirt güýçli sesi bar eken. «Nazar baga Gubadagda aýdym aýdanda, sesi Ýylanly (häzirki Garaşsyzlyk) etrabyna eşidilerdi» diýip, babam pahyryň gürrüň bereni hiç ýadymdan çykmaýar.
Nazar baga XX asyryň otuzynjy ýyllarynda şöhratly bagşylaryň biri hasaplanýar. Ol şol ýyllarda Aşgabat şäherine ýörite çagyrylýar. Aşgabatda Ahalyň, Marynyň, Pendiniň, Sarahsyň, Balkanyň meşhur bagşy-sazandalary bilen tanyşýar. 1939-njy ýylda dürli etraplardan gelen bagşylara, sazandalara goşulyp, Moskwa şäherine gidýär. Ol ýerde Oba hojalygynyň gazananlarynyň sergisinde çykyş edýär.
Nazar baganyň il-ulsa hyzmaty uly bolupdyr. Öz döwründe sungaty öwrenijiler «Hüýrlukga-Hemra», «Saýatly-Hemra», «Nejep oglan» ýaly dessanlaryň asyl nusgalaryny Nazar baganyň dilinden ýazyp alypdyrlar. Onuň bu asylly hyzmatyny häzirki günlerem uly buýsanç bilen ýatlaýarys. Çünki beýle hyzmat onuň ussatlygyny, meşhurlygyny ýene bir gez ýokary göterýär.
Halypa gyjakçy Ata Ably: «Durnalar» diýen aýdymy iň oňat ýerine ýetiren Oraz Salyr bolupdyr. Nazar baga 1939-njy ýylda ol aýdymy Oraz Salyrdan eşidip, 1942-nji ýylda täzeden işläp aýtdy welin, durnalara ganat bitirip, täzeden uçurana döndi. Başgaça aýdylanda, Nazar baga «Durnalary» täzeden Hywadan getirdi. Onuň üçin Nazar baga saz dörediji bagşy diýsegem ýalňyşmarys» diýip, gürrüň berýär. Diýmek, Nazar baga diňe bir ussat bagşy bolman, eýsem, saz dörediji kompozitor hem bolupdyr. Onuň ýerine ýetiren aýdymdyr dessanlaryny şägirtler öz labzynda, üýtgewsiz ýerine ýetirip, dowam etdirip gelýärler.
Nazar baganyň bagşyçylyk sungatynyň hyrydarlary barha köpelipdir. Türkmenistanyň halk bagşysy Magtymguly Garlydan başlap, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Baýar Baýrama çenli ol ussadyň bagşyçylyk sungatyny özlerine nusga edinipdirler. Nazar baganyň ýanynda Daşoguzyň ökde gyjakçylary Baýram gyjakçy, Gazak gyjakçy, Atakel gyjakçy, Töre gyjakçy, Hudaýnazar gyjakçy dagy sazandarlyk edipdirler. Halypanyň sesiniň güýçli bolandygy sebäpli, oňa köplenç iki gyjakçy sazandarlyk eder eken. Gyjakçy Sapar Bekiýew hem birnäçe ýyl onuň bilen tirkeşipdir. Nazar baga «Nalyş», «Yňdarma», «Mekanym», «Gyzyl donly» ýaly onlarça aýdymlaryň hakyky eýesidir.
Nazar baga Morsy ogly 1942-nji ýylda aradan çykýar. Onuň kowumlary häzir Akdepe etrabynda ýaşaýarlar.
Nazar baganyň ak patasyny alyp, onuň ýolundan aýdan ýeke-täk şägirdi hasaplanylan Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Baýar bagşy ony kän ýatlar eken. Onuň bilen bile tirkeşip, toýlarda aýdym aýdyp gezen çaglary hakda gürrüň baryny berer eken. Ol halypasynyň obasyna toýa bardygy, bilini hasam berk guşap, Nazar baganyň özi bolup dessan aýdar eken. Belent-belent tirmelere tutar eken. Nazar baganyň ogly Juma bilen duşuşyp, halypasyny ýagşylykda ýatlar eken.