Naryň peýdasy
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Naryň peýdasy

Jemgyýet
13.10.2025  305

Adamyň saglygyna oňyn täsirini ýetirýän miweleriň biri hem nardyr. Naryň düzüminde kaliý, kalsiý, demir ýaly minerallaryň, mikroelementleriň, С, P, B6, B12, K, A witaminleriň, foliý turşusynyň köp mukdarda saklanýandygy sebäpli immun ulgamyny ýokarlandyrmakda, gan damarlaryny berkitmekde, nerw ulgamynyň işjeňligini kadalaşdyrmakda, bedende alyş-çalyş hadysasyny gowulandyrmakda örän peýdalydyr. Şeýle hem ýürek-damar ulgamynyň kesellerinde, gan basyşynyň ýokarlanmagynda, ganyň düzümindäki holesterini peseltmekde naryň peýdasy gaty uludyr. Görejiň ýitileşmegine, deri örtükleriniň owadan we çeýe bolmagyna hem naryň oňaýly täsiri bar. Naryň öt çykaryjy, bagryň işini kadalaşdyryjy häsiýetleri hem bar. Nary birnäçe kesellerde lukmanyň maslahaty bilen iýmek maslahat berilýär. Naryň peýdaly häsiýetlerine esaslanyp, ony iýmit hökmünde sowuklama kesellerinde, demgysmada, gan basyş ýokarlananda, bagryň we böwrekleriň sökelliklerinde, lukmanyň maslahaty bilen kabul etmeli. Naryň şiresi bedeni gurplandyrmakda has peýdalydyr.

Naryň peýdaly iýmitdigine garamazdan, onuň düzüminde turşulygy ýokarlandyrýan maddalaryň saklanýandygy sebäpli ony käbir kesellerde, aýratyn hem, aşgazan asty mäziň kesellerinde, dowamly gastritde, aşgazanyň we on iki barmak içegäniň baş kesellerinde ulanmak maslahat berilmeýär. Şeýle hem naryň şiresiniň düzümindäki turşulygyň dişleriň syrçasyna ýaramaz täsir edýändigi sebäpli oňa suw garyp içmek ýa-da ýörite turbajyklar arkaly kabul etmek maslahat berilýär.

 

 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Bedew ýylynyň ýorgudy
27.12.2025   223
Jemgyýet Asylly terbiýe — gymmatly miras
24.02.2025   307
Jemgyýet Ýollarymyz abadan bolsun!
11.09.2025   194
Jemgyýet Adam hakdaky alada
30.07.2025   177
Jemgyýet Röwşen geljegiň binýady
30.08.2024   523
Jemgyýet Awazanyň sapaly goýnunda
12.11.2024   354
Jemgyýet Taryhyň gadymy kökleri
21.11.2024   372
image