Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda öňe sürülýän pikirler umumadamzat bähbitlerinden ugur alýar. Şahyr özünden öň ýaşap geçen Gündogaryň söz ussatlarynyň döredijilik däplerini dowam etdirip, edebiýaty durmuş bilen, halk ykbaly bilen baglanyşdyran danadyr. Parasatly şahyr öz eserlerini türkmen halkynyň filosofiki garaýyşlary, milli däp-dessurlary, duýgy-düşünjeleri bilen baýlaşdyrypdyr.
Magtymguly şygyrlarynda döwlet gurmagyň şertlerini milli aýratynlyklary göz öňünde tutup aýdyňlaşdyrýar. Onuň ilkinji şerti bolan ýurt hem millet bitewüliginiň täze jemgyýetiň kemala gelmegi bilen baglanyşyklydygy baradaky pikiri öňe sürýär. Döwlet üçin ähli şertleriň bar ýerinde bu işi amala aşyrmagy şahsyýetiň paýyna goýýar.
Beýik akyldar jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde döwletiň ornunyň uludygyny ykrar edýär. Döwrüň derwaýys wakalaryny, oňa gatnaşýan adamlary, olaryň jemgyýete gatnaşygyny çeper tärleriň üsti bilen suratlandyrýar. Söz ussady eserlerinde türkmen durmuşyny beýan etmek bilen, öz jemgyýetçilik garaýşynyň giňdigini, edebiýatyň halka hyzmat edýän sungatdygyny nygtaýar. Şahyr öz şygyrlarynda ýaşaýan döwrüniň durmuş keşbini hem, edebi durmuşyny hem giňden janlandyrýar. Şahyr bir döwlete gulluk etmegiň halka getirjek ykdysady, medeni, durmuşy peýdasyny giň düşünjelilik bilen beýan edipdir. Ynsanyň jemgyýetdäki ornuna uly baha beripdir. Akyldar adamkärçiligiň, ynsanperwer duýgularyň hemmä umumy, deň, azat durmuşy, adalatly ýaşaýşy döredýändigini öz eserlerinde sözüň güýji bilen beýan etmegi başarypdyr.
Dana şahyr haýyr işlere bil baglamagy derwaýys hasaplapdyr. Halallyk adamyň içki we daşky dünýäsini bezeýär. Magtymguly Pyragy adamzadyň ruhuna oňyn täsir etjek ýagşy häsiýetleriň ýaýylmagyny isläpdir. «Myradym nesihat etmekdir halka» diýýän akyldar şahyryň goşgulary täze eýýamda ylmy esasda öwrenilýär. Onuň çuň many-mazmuna eýe bolan şygyrlary ynsan kalbyna mäkäm ornaýar.