Ýurdumyzda halkymyzyň medeni mirasynyň, däp-dessurlarynyň, ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgeleriniň düýpli öwrenilmegi babatynda yzygiderli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda medeni mirasymyzy gorap saklamak bilen baglanyşykly işleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda muzeý işine uly orun degişlidir. Paýtagtymyz Aşgabat, «akylly şäher» konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäherleri bilen birlikde, welaýat merkezlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän, döwrüň soňky tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan muzeýler gurlup ulanmaga berildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda medeniýet ulgamynyň ösdürilmegine uly orun berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda muzeý işiniň esasy aýratynlyklary muzeý gaznasyny toplamakdan hem-de öwrenmekden, şonuň bilen birlikde, gaznanyň gymmatlyklaryny gorap saklamakdan, olar jemagata görkezilende sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmakdan ybaratdyr. Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzda muzeý gymmatlyklarynyň bir bitewi elektron binýady, şeýle-de bar bolan iri muzeýleriň resmi internet saýtlary döredildi.
Muzeý hyzmatlarynyň ösüşi medeni gymmatlyklaryň goralyp saklanylmagynda, terbiýeçilik işiniň aýratyn bir bölegi hökmünde, jemgyýetiň durmuşynda möhüm ähmiýete eýedir. Jemgyýetiň durmuş, medeni giňişliginde muzeýiň orny adamyň öz maddy we ruhy dünýäsini öwrenmäge bolan tebigy islegi, şeýle hem umumadamzat gymmatlyklaryna goşulmaga bolan ymtylyşy bilen kesgitlenýär.
Sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy arkaly, ýaşlarymyzy ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdyrmak maksadynda döwletimizde köp sanly taslamalar, portallar we platformalar döredildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň internet salgysynda ýurdumyzda bar bolan muzeýler, olaryň döredilmeginiň taryhy baradaky maglumatlaryň ýerleşdirilmegi, şeýle hem wirtual gezelençleriň we sergileriň guralmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şeýle mazmundaky maglumatlar ýurdumyzyň ähli Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriniň hem resmi internet salgylarynda öz beýanyny tapýar.
Häzirki zaman muzeý ulgamynda sanlylaşdyrmagyň giňden ulanylmagy jemgyýetiň agzalary, dünýäniň öňdebaryjy sungat eserleri, olaryň döreýşi baradaky maglumatlara eýe bolmak, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň muzeý gymmatlyklary bilen tanyş bolmaklyga giň mümkinçilikleri döredýär.
«Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» beýan edilişi ýaly, ýurdumyzda medeni mirasymyzy öwrenmekde, rejelemekde täze tehnologiýalary giňden ulanmak hem-de sanly ulgamy ornaşdyrmak esasy wezipeleriň biridir.
Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem maddy we ruhy gymmatlyklary, şeýle-de tebigata degişli gymmatlyklary bir bitewi sanly ulgama geçirmek, beýleki muzeýler bilen elektron resminama dolanyşygyny ýola goýmak ýaly işler üstünlikli alnyp barylýar.