«Münende şaý bolsa, tükel esbaby...»
weather dashoguz 9° C Daşoguz

«Münende şaý bolsa, tükel esbaby...»

Jemgyýet
30.04.2026  148

Atyny myradyna deňeýän halkymyz ony bezemäge hem aýratyn üns berip gelýär. Türkmençilikde at bezemek dessurynyň öz köküni gadymy döwürlerden alyp gaýdandygy barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bedewleriň geçmişine, şu gününe we geljegine nazar aýlaýan eserlerinde giňişleýin beýan edilýär. Gymmaty egsilmeýän eserlerde pederlerimiziň asylly ýol-ýörelgelerine eýerýän halkymyzyň bedewlerini hiç pursatda ünsden düşürmän, aýap gelýändikleri, atyň esbaplaryna altyn-kümüş şaý-sepleriň dakylmagyna maşgalada uly ähmiýet berilýändigi giňişleýin açylyp görkezilýär. Atyň alagaýyşdyr jylaw, bilbagydyr nogta ýaly esbaplaryna hakyk daşy oturdylyp, bezelmegine gelin-gyzlarymyz hem öz goşandyny goşup gelýärler. Dal bedewiň zenanlaryň on barmagynyň gudratyndan dörän atkeçe, attorba, athorjuny, boýunbag, gözlük, gursakça, güdrük, güpjek, derlik, eýerlik ýaly halydyr kilim, keçe önümleri bilen bezelmegi, onuň görküni has-da artdyrmak bilen birlikde, ata maşgala bolup ideg edilýändigini alamatlandyrýar.

Mälim bolşy ýaly, at esbaplarynyň eýer, uýan, gaş, guşgun, depirgi, golaň, ganjyga, çeki, içirgi, köýnekçe, göwüsbent, dogabagy, maňlaýlyk, alagaýyş ýaly görnüşleri bolup, olaryň hersiniň ýerine ýetirýän wezipesi aýratyndyr. Irki döwürlerde bedew atlaryň bezeg şaý-sepleri diňe bir aty bezemek bilen çäklenmän, söweşlerde ony naýza, peýkam, gylyç ýaly tygly ýaraglaryň ýara salmagyndan hem gorap, at üçin galkanyň hyzmatyny ýerine ýetirip gelipdir.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Kadalary berjaý etmek möhümdir
08.07.2024   462
Jemgyýet Döwrüň belent tutumlary
20.04.2026   132
Jemgyýet Köne güzer
11.02.2025   541
Jemgyýet «Ýaňlan, Diýarym!»
08.08.2024   434
Jemgyýet Il saglygy – ýurt baýlygy
06.07.2024   505
Jemgyýet Göwünleri galkyndyran möhüm waka
28.10.2025   202
Jemgyýet Mekdep bazarlary halkyň hyzmatynda
16.08.2025   282
image