Mukaddeslige ygrarlylygyň baýramy
weather dashoguz 24° C Daşoguz

Mukaddeslige ygrarlylygyň baýramy

Jemgyýet
27.01.2026  89

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen dünýä giňişliginde halkara derejeli üstünliklere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ganatly sözleriniň dabaralandyrylmagy ýurdumyzyň asudalygyny, halkymyzyň abadançylygyny berkitmek babatdaky tagallalarynda çuňňur beýanyny tapýar. Merdana Watan goragçylarynyň şeýle wezipeleriň amal edilmeginde aýratyn uly goşandy bardyr.

Taryhda öçmejek yz goýan şahsyýetleriň, türkmen halkynyň beýik ogullarynyň gahrymançylykly ýollaryny, söweş tärlerini we harby sungatyny mynasyp dowam etdirmek Watan goragçylarynyň esasy hem baş maksadydyr. Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň baýramy — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilýän harby ýörişde Milli goşunymyzyň harby kuwwatynyň ýeten belent derejesine, ýurt goragynyň ygtybarly gollardadygyna aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary esasynda Ýaragly Güýçleriň ähli düzüm birlikleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň öz işlerini döwrüň ösen talaplaryna laýyk guramaklaryna hem-de alyp barmaklaryna oňaýly şertleri döredýär. Ähli amatlyklary bolan serhet galalarynda gulluk edýän serhetçilerimiz ýurt goragynda dürli görnüşli ýaraglara, kämil harby tehnikalara başarjaňlyk bilen erk edýärler.

Eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan harby özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzyň goranyş ukybyny berkitmek, Ýaragly Güýçleriň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy, Milli hem Serhet goşunlaryny iň täze harby tehnikalar we ýaraglaryň beýleki görnüşleri bilen üpjün etmek, ýokary hünärli serkerdeleri taýýarlamak, harby gullukçylaryň söweşjeň taýýarlyklaryny ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär. Merdana Watan goragçylary halkymyzyň häzirki hem geljekki ykbaly üçin ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, halkara derejesinde 3 gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmak, milli gymmatlyklarymyzy we bähbitlerimizi goramak, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmek, jemgyýetde asudalygy we agzybirligi üpjün etmek, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar etmek ýaly belent hem-de jogapkärli wezipeleri, Watanymyzyň öňündäki mukaddes borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirmegiň hötdesinden gelýärler.

Hormatly Prezidentimiziň sahawatly tutumlary bilen ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy–enjamlaýyn binýadynyň has-da berkidilmegi bilen bir hatarda, harby gullukçylar, olaryň maşgala agzalary üçin hem ösen döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýaşaýyş-durmuş şertleri döredilýär. Harby gullukçylar çeken yhlasly hem-de tutanýerli zähmetleri göz öňünde tutulyp, döwlet derejesinde ýokary sylaglar bilen sylaglanylýar, olara hormatly atlar dakylýar.

Ýakyn günlerde ýurdumyzda Watan goragçylarynyň güni giňden bellenilip geçiler. Bu şanly senäniň ýokary derejede bellenilmegi berkarar döwletimiziň asudalygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň alamatydyr.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Gül baharyň waspy
04.03.2026   72
Jemgyýet Döwürleriň hem köňülleriň çyragy
23.05.2024   362
Jemgyýet Şa serpaýyň eýeleri
11.11.2025   145
Jemgyýet Gül zeminiň zynaty
07.03.2026   65
image