Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleriň Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna eýe bolmagy mynasybetli, Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda dabara geçirildi.
Müňýyllyklardan gözbaş alýan maşgala ojagynyň mizemezligini gorap saklamak däplerini mynasyp dowam etdirýän enelere, gyz-gelinlere mertebe mukaddesligi hökmünde garalyp, olar aýratyn üns-alada bilen gurşalýar. Ýurdumyzyň geljegini gurýan, Watanymyzyň abraý-mertebesini beýgeldýän mynasyp nesli terbiýeläp ýetişdirmekde bitirýän uly hyzmatlary göz öňünde tutulyp, kabul edilen bu çözgüt, enelere goýulýan belent hormatyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Tolgundyryjy pursatlarda Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan eneleriň yzly-yzyna sahna çykyp, ter gül çemenlerini, serpaýlaryny maňlaýlaryna sylyp, uly hoşallyk bilen kabul etmekleri dabaranyň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.
Şeýle ajaýyp pursatlar eneleriň köňül törlerinden çykýan ak arzuwlara garyp beýan eden ýürek buýsançlary bilen dowam etdi. Ak arzuwlarda kämil nesli kemala getirmek babatdaky aladalaryň eneleriň bagtyýar ýaşaýşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy, bu babatda ýurdumyzda eneleriň we çagalaryň aýratyn üns bilen gurşalýandygy, olaryň bagtyýar ýaşamagy ugrunda ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi barada buýsançly sözleri beýan etdiler.
Dabaranyň dowamy welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk mynasybetli taýýarlan çykyşlaryna utgaşdy.