Müdimi senadyr ene hüwdüsi
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Müdimi senadyr ene hüwdüsi

Jemgyýet
28.08.2026  62

Şeýle at bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde yglan eden bäsleşiginiň golaýda Daşoguz welaýat tapgyry guramaçylykly geçirildi.

Daşoguz şäherindäki dabaralar geçirilýän aýdym-saz merkezinde guralan bäsleşik gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan, zenan mährinden, paýhasyndan dörän hüwdüleri dünýä ýaýmak, hüwdi aýtmak medeniýetiniň ýerli aýratynlyklary bilen bagly kämil nusgalaryny halk köpçüligine ýetirmek, çaga kalbynda irki ýaşda watançylygyň we milliligiň naýbaşy ahlak gymmatlyklaryny kemala getirmek, maşgala mukaddesliginiň binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen geçirildi. Oňa gatnaşan zenanlar Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kämil eserine salgylanyp çykyş etdiler. Şeýle hem çagany rahat ýatyrmak maksady bilen welaýata mahsus ajaýyp heňe salyp, hüwdi ýerine ýetirdiler. Bäsdeş zenanlar ak öýleriň ýaraşygy bolan sallançagyň nusgalaryny, onuň ýasalyş aýratynlyklaryny wideoşekiliň üsti bilen beýan etdiler hem-de sallançagyň taryhyndan gürrüň berýän gadymy rowaýatlary ýerine ýetirdiler.

Bäsleşik zenanlaryň mährem dünýäsi bilen sazlaşyp, ajaýyp pursatlara beslendi hem-de döwür bilen eneleriň bitewüligini açyp görkezdi. Netijede, 1-nji orna Şabat etrabynyň 8-nji çagalar bakja-bagynyň aýdym-saz ýolbaşçysy Gülälek Mämmedowa mynasyp bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. 2-nji orna Garaşsyzlyk etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy Jemile Piriýewa, 3-nji orna Ruhubelent etrabynyň «Ruhnama» oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Almagül Mämmetnepesowa dagy mynasyp boldular.

Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşanlara TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Garaşsyzlyk — dilimiziň dessany
31.08.2024   1538
Jemgyýet Sahawatly işlere buýsanmak bagty
12.03.2026   133
Jemgyýet Ylmy-amaly maslahat geçirildi
10.09.2024   462
Jemgyýet Suwda seresap bolmaly
24.06.2025   306
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
08.04.2026   109
Jemgyýet Halk Maslahaty — beýik işlere badalga
05.08.2024   460
Jemgyýet Dil bilmek — kämillik
15.03.2024   475
Jemgyýet Ynsan-gymmatly baýlyk
15.09.2025   203
image