Möwsüme ykjam taýýarlyk görülýär
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Möwsüme ykjam taýýarlyk görülýär

Ykdysadyýet
11.08.2026  67

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýetişdirip, geçen orak döwründe Watan harmanyna guşgursak däne goşmakda uly üstünliklere eýe bolan welaýatymyzyň gallaçy daýhanlary golaýlap gelýän güýzki ekiş möwsümine hemmetaraplaýyn taýýarlykly barmak ugrunda derwaýys çäreleri öndürijilikli alyp barýarlar. Şeýlelikde, olaryň yhlasly zähmetiniň netijesinde sürüm, tekizleme, çil çekmek ýaly işler ýokary hilli ýerine ýetirilen bugdaý meýdanlarynyň gektar sany barha artýar.

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň gallaçylary hem öňde duran möwsümde 12,5 müň gektar meýdanda bu gymmatly ekiniň ekişini geçirmekligi maksat edinip, şu günlerde taýýarlyk çäreleriniň depginini has-da ýokary göterdiler. Munuň şeýledigini etrabyň daýhan birleşiklerinde bu babatdaky işleriň barşyndan hem görmek mümkin.

Etrabyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň gallaçylary ene toprakdan bugdaý hasylyny öndürmekde öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýarlar. Munuň özi olaryň ýylyň-ýylyna bu ugurdaky çäreleri guramaçylykly amala aşyryp, ýetýän belent sepgitleri bilen baglanyşyklydyr. Häzirki dowam edýän, şan-şöhrata beslenýän ýylymyzyň bolsa birleşigiň babadaýhanlaryna bu babatda has-da uly üstünlikleri getirendigini bellemek gerek. Başgaça aýdylanda, olar geçen orak möwsüminde 2600 tonna golaý ýokary hilli bugdaýy döwlet harmanyna tabşyryp, ýyllyk meýilnamalaryny ep-esli artygy bilen berjaý etdiler. Bu üstünlik gallaçy daýhanlary has hem gaýratly zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Muny olaryň häzirki döwürde özlerine berkidilen meýdanlarda güýzlük bugdaýyň ekişine görýän taýýarlyk işleriniň depgininden hem bilmek bolýar.

Daýhan birleşiginde bugdaý ekişine şeýle ykjam taýýarlyk bilen barmaga çalyşýan kärendeçi daýhanlaryň köp sanlysynyň başgalara görelde bolýandyklary örän guwandyryjydyr. Şol zähmetsöýer gallaçylaryň hatarynda Şatlyk Baýramow, Tirkeş Gaýypow, Meýlis Geldiýew, Esen Dadebaýew we beýlekiler bar. Geçen orak döwründe özleriniň gözegçilik edýän meýdanlarynyň her gektaryndan 50 — 60 sentnerden bugdaý hasylyny ýygnan bu ezber kärendeçiler öňdäki ekiş möwsümine taýýarlyk görmekde möhüm bolan her bir çärä aýratyn üns bermek bilen, ýokary netijeleri gazanýarlar.

Elbetde, gallaçy kärendeçileriň gazanýan şeýle öňegidişliklerinde zähmetsöýer mehanizatorlaryň hem uly goşantlarynyň bardygy hemmelere mälimdir. Bu daýhan birleşiginde hem olaryň ençemesiniň ýadawsyz zähmet çekip, köpleriň alkyşyna mynasyp bolýandyklary bellenilmäge mynasypdyr. Şeýle başarjaň mehanizatorlaryň hatarynda Berdimyrat Güýzekowyň, Myrat Jumamyradowyň, Hemra Allakowyň we beýlekileriň atlaryny agzamak ýerlikli bolar.

Görnüşi ýaly, bu daýhan birleşiginiň kärendeçileri hem hormatly Prezidentimiziň gallaçylar üçin döredýän şertlerinden önjeýli peýdalanyp, şu ýylyň bugdaý ekişine taýýarlyk çärelerini şeýle ýokary derejelerde berjaý edýärler. Bu bolsa olaryň täze ýylda has-da belent sepgitlere ýetjekdiklerinden habar berýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Ýeralmanyň bol hasyly
16.07.2026   91
Ykdysadyýet Bank hyzmatlary ösdürilýär
29.05.2025   232
Ykdysadyýet Bank hyzmatlary döwrebaplaşdyrylýar
17.07.2024   462
Ykdysadyýet Gözel tebigatyň goragynda
27.07.2024   363
Ykdysadyýet Ykdysady ulgamdaky sanly özgertmeler
12.06.2023   423
Ykdysadyýet Möwsüme ykjam taýýarlyk
11.04.2026   140
Ykdysadyýet Bugdaý maýsalary iýmitlendirilýär
27.11.2024   327
Ykdysadyýet Ykdysadyýetiň ösüşine goşant
19.11.2024   529
image