Garaşsyz ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan ýüpekçiligi ösdürmek, dokma senagatymyz üçin derwaýys çig mal hasaplanylýan ýüpegiň öndürilişini artdyrmak babatda hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine welaýatymyzyň ýüpekçi kärendeçileri-de uly goşant goşýarlar. Munuň özi olaryň her ýylyň ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsüminde ak piläniň bereketli hasylyny almak ugrundaky janypkeşlikli zähmetleriniň netijesidir.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň golaýlap gelýän pile möwsümine ykjam taýýarlyk görüldi. Şonda, esasan, ýüpekçileriň ýaş gurçuklar hem-de tut ýapraklary bilen öz wagtynda üpjün edilmegine, gurçuklaryň saklanyljak jaýlarynyň, pile kabul ediş bölümleriniň göwnejaý taýýarlanylmagyna gönükdirilen çäreler amala aşyrylýar.
Berlen maglumatlara görä, şu möwsümiň öň ýanynda Daşoguz welaýatynyň dürli künjeklerinde gurnalan jemi 67 sany tohum örüziş merkezlerinde 384 kilogram gurçuk tohumyndan 13691 guty ýaş gurçuklary öndürip, ýüpekçi kärendeçilere paýlamak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda munuň üçin zerur bolan gurçuk tohumlary daşary döwletiň hem-de öz ýurdumyzyň tohum taýýarlaýyş kärhanalaryndan alnyp getirildi. Şonuň ýaly-da, 1994 gektardan ybarat tut plantasiýalarynda, müňlerçe gektar mellek ýerlerinde, açyk meýdanlarda ösdürilip ýetişdirilen tut agaçlarynyň ideg hem-de gorag işleri alnyp barylýar.