Möwsüme ykjam taýýarlanylýar
weather dashoguz 39° C Daşoguz

Möwsüme ykjam taýýarlanylýar

Ykdysadyýet
21.08.2024  329

Garaşsyz ýurdumyzyň taryhynda öçmejek yz galdyrýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýzlük bugdaý ekişi möwsüminiň golaý gelmegi bilen, oňa doly taýýarlykly girişmeklige gönükdirilen çäreler ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly Daşoguz welaýatynda-da ýokary depginde barýar. Şunda şu mahala çenli ekin meýdanlarynda sürüm, tekizleme, suw tutmak ýaly gaýragoýulmasyz işler bilen bir hatarda, ekişe gatnaşdyrylmagy göz öňünde tutulýan tehnikalaryň, olaryň gurallarynyň talabalaýyk gözden geçirilmegine, kemçilikleriniň düzedilmegine aýratyn üns berildi. Häzirki günlerde bolsa daýhan birleşiklerinde, degişli edara-kärhanalarda bugdaý ekişini guramaçylyky amala aşyrmak boýunça ýörite meýilnamalar düzülip, işleriň bökdençsiz dowam etdirilmegine derwaýys şertler döredilýär.

Şeýle möhüm işleri durmuşa geçirmek ugrunda welaýatyň Boldumsaz etrabynyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň işçi-hünärmenleriniň hem gaýratly zähmet çekýändikleri bellenilmäge mynasypdyr. Çünki olar kärhananyň hasabynda bar bolan sürüm hem-de bejergi traktorlaryny, olaryň iş gurallaryny abatlamaklyga, doly taýýarlyk hataryna çykarmaklyga öz wagtynda girişip, bu babatda göwnejaý netijeleri gazandylar.

Şu ýylyň ekiş möwsüminde etrap boýunça 22500 gektar meýdana bugdaý ekmek meýilleşdirilip, onuň üstünlikli berjaý edilmegi, esasan, gallaçy daýhanlaryň tehniki üpjünçiligine bagly bolup durýar. Şoňa görä-de, kärhananyň hünärmenleri, mehanizatorlary, abatlaýjylary arkalaşykly zähmet çekip, öňde duran möwsüme oňat taýýarlyk gördüler. Şonuň netijesinde, dürli kysymly traktorlaryň 50-den gowragy, ekijileriň, çizelleriň 60-a golaýy taýýarlyk hatarynda goýuldy. Şeýle hem borona-malalaryň ýeterlik möçberlerini taýýarlamaklyga üns berildi. Ýeri gelende aýtsak, geçen ýyl daşary ýurtlardan satyn alnyp berlen sürüm hem-de bejergi traktorlarynyň 20-si kärhana gelip gowuşdy. Şu möwsümde olaryň güýjünden hem öndürijilikli peýdalanmak bellenilýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet «Çeperiň» ilhalar önümleri
31.01.2025   281
Ykdysadyýet Gök ekinleriň idegi ýetirilýär
05.06.2024   399
Ykdysadyýet Ýokary hilli süýt önümleri
25.11.2024   438
Ykdysadyýet Gowaça ekişi öndürijilikli barýar
23.04.2024   340
Ykdysadyýet Gowaça ekişi — jogapkärli wezipe
11.03.2025   273
Ykdysadyýet Şalynyň bereketli hasyly
17.10.2024   308
Ykdysadyýet Gowaça bejergisi ýokary depginde
10.08.2024   386
Ykdysadyýet Giň meýdanlardaky joşgunly zähmet
20.06.2024   309
image