Möwsüme taýýarlyk ýokary depginde
weather dashoguz 5° C Daşoguz

Möwsüme taýýarlyk ýokary depginde

Ykdysadyýet
24.03.2026  157

Baharyň häzirki amatly günlerinde Daşoguz  welaýatynyň ähli künjeklerinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň gowaça ekişi möwsümine taýýarlyk işleri ýokary depginlerde barýar. Öz wagtynda sürüm, tekizleme geçirilip, çil çekilen meýdanlarda suw tutmak işi öndürijilikli dowam etdirilip, endigan taba gelýän gektarlaryň sany barha artýar.

Şeýle möhüm çäreleriň Gubadag etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginde hem talabalaýyk guralýandygy bellenilmäge mynasypdyr. Çünki bu ýerde olara irki möhletlerde girişilip, şu wagta çenli esasy böleginiň oňat hilli ýerine ýetirilmegi munuň şeýledigini tassyklaýar.

— Pagtaçy kärendeçilerimiziň geçen ýyl döwlete «ak altyn» tabşyrmak babatda gazanan üstünlikleri olary has-da ruhlandyrdy — diýip, daýhan birleşiginiň baş agronomy Orunbaý Gowşakow gürrüň berýär: — Şunlukda, olar şu ýylyň bereketli hasyly ugrundaky zerur çärelere aýratyn üns berdiler. Şonuň netijesinde birleşigimiziň gowaça ekmeklige niýetlenilen ähli meýdanlarynda işleriň depgini bada-bat ýokary göterildi. Häzirki wagtda kärendeçiler toparlarymyzyň haýsy birine barsaň hem, muňa şaýat bolmak bolýar.

Golaýlap gelen ekiş möwsüminde daýhan birleşigi boýunça 400 gektar meýdana gowaça tohumyny taşlamak meýilleşdirilýär. Şu wagta çenli şol ýerleriň ählisi bir hatar suwdan gandyryldy. Bu bolsa ekin meýdanlarynyň ýakyn günlerde gowaça ekişine doly taýýar boljakdygyna şaýatlyk edýär.

Meýdanlary ýaz ekişine taýýarlamakda Nurnepes Çaryýew, Täjibaý Täzebaýew, Hojamyrat Baýjanow ýaly mehanizatorlaryň goşantlaryny bellemek zerurdyr. Sebäbi olar şol ýerlerde alnyp barlan her bir çäräniň göwnejaý amala aşyrylmagyna ähli gujur-gaýratlaryny sarp edipdirler.

Daýhan birleşiginiň öňdebaryjy pagtaçy kärendeçileriniň hatarynda atlary agzalýan Jeýhun Nurmedowanyň, Güneş Ärjanowanyň, Döwletgeldi Guljanowyň, Akmyrat Hojanazarowyň we başga-da onlarça adamlaryň öňde duran möwsüme taýýarlyk görmekde köplere görelde bolýandyklary hem guwandyryjydyr. Olaryň yhlasly zähmetleri gowaça ekişini ilkinjileriň hatarynda geçirmäge şert döredýär.

Bu daýhan birleşiginiň kärendeçileri geçen ýyl Watan harmanyna pagta hasylyny goşmakda uly üstünlige eýe boldular. Olaryň şu ýylda-da bu babatda öňe saýlanjakdyklaryny häzirki günlerde alyp barýan öndürijilikli işlerinden  anyk görmek bolýar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Şu günki alada — ertirki hasyl
15.01.2026   199
Ykdysadyýet Tokaý zolaklarynyň möhüm ähmiýeti
16.06.2025   311
Ykdysadyýet Yhlasly zähmet — bol hasyl
21.10.2026   63
Ykdysadyýet Bugdaý ekişi ýokary depginde
08.10.2026   84
Ykdysadyýet Ýuwuş suwy tutulýar
30.01.2025   376
Ykdysadyýet Möwsüme ykjam taýýarlyk
11.04.2026   194
image