Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň ilkinji partiýa guramalaryndaky hasabat-saýlaw ýygnaklarynyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasatyny wagyz etmek, durmuşa geçirmäge kömek-goldaw bermek boýunça TDP-niň ilkinji guramalarynyň alyp barýan işleri barada hasabatlar we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde durýan wezipeler barada çykyşlar diňlenildi. Hasabatlarda geçen döwürde ýerine ýetirilen işlere seljerme berlip, olarda TDP-niň öňünde goýlan wezipeler, partiýanyň 10-njy gurultaýynyň kararlarynyň, partiýanyň Maksatnamasynyň hem-de Tertipnamasynyň ýerine ýetirilişi, geçirilen syýasy-jemgyýetçilik, wagyz-nesihat işleri barada gürrüň edildi.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ilkinji partiýa guramalary öz işlerini ýörite düzülen meýilnama esasynda alyp bardylar. Partiýa guramalarynyň san we hil taýdan ösmegi, partiýanyň hataryna mynasyp täze agzalary kabul etmek we olary syýasy taýdan taplamak, agzalaryň düşünjeliligini we jemgyýetçilik işjeňliligini ýokarlandyrmak, şeýle-de partiýa agzalyk tölegleriniň öz wagtynda tölenmegi baradaky meseleler umumy ýygnaklarda we maslahatlarda yzygiderli ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde goýlan wezipelerden ugur alnyp, 118 sany ilkinji guramany, 4800-den gowrak agzany özünde jemleýän TDP-niň Köneürgenç etrap komiteti we onuň ilkinji partiýa guramalary, syýasy-guramaçylyk, medeni-köpçülik we wagyz-nesihat işlerini alyp barmakda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän wakalaryň, täzelikleriň jümmüşinde bolup, mundan beýläk-de netijeli işleri durmuşa geçirer.