Möhüm wezipeler kesgitlenildi
weather dashoguz -2° C Daşoguz

Möhüm wezipeler kesgitlenildi

Jemgyýet
23.10.2024  256

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kärdeşler arkalaşyklarynyň döwrebap wezipeleri» diýen at bilen maslahat geçirildi. Maslahata kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, işjeň agzalary gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda, işgärleriň tehniki howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmeklerini gazanmak, bu babatda kanunçylygyň talaplarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça kärdeşler arkalaşygy guramalarynyň wezipeleri barada durlup geçildi.

Şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde durýan belent maksatlary amala aşyrmakda yhlasly we netijeli zähmet çekip, ata Watanymyzyň üstünliklerine mynasyp goşant goşmalydygy aýdyldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Dünýä dursun parahat!
16.07.2025   1375
Jemgyýet Çagany ýaşdan...
04.06.2024   331
Jemgyýet Dabaraly maslahat
21.08.2025   116
Jemgyýet Parahatçylygyň, dost-doganlygyň forumy
04.08.2025   116
Jemgyýet Milli mirasyň buýsançly waspy
17.10.2024   275
image