Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi hem-de onuň dünýäniň ykdysady ösüşindäki uly ähmiýetini wagyz etmek, köpçülige giňden ýetirmek maksady bilen, TDP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda dabaraly çäre geçirildi. Onda çykyş edenler Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasynyň esasynda guralýan bu halkara forumyň üstünlikli geçirilmegi ugrunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylan taýýarlyk işleri, onuň dowamynda geçirilýän çäreleriň, mejlisleriň, söhbetdeşlikleriň ugurlary, mowzuklary barada gürrüň berdiler. Şonuň ýaly-da, bu maslahatyň diňe bir deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar däl, eýsem, dünýäniň ähli döwletleri, halklary üçin peýdaly bolan uly ykdysady ösüşlere badalga berjekdigini guwanç bilen bellediler.