Möhüm möwsümiň bosagasynda
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Möhüm möwsümiň bosagasynda

Jemgyýet
27.05.2024  380

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy bilen bir hatarda, olaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri, göwnejaý dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Sapaly tomusda şypaly mesgenlerde wagtlaryny şadyýan geçirjek bagtyýar çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine ýurdumyzyň ähli künjegindäki sagaldyş-dynç alyş merkezleri doly taýýar edildi. Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem  çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerini möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler geçirildi.

Tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlygyň barşynda welaýatdaky «Bagtyýar nesil» çagalar dynç alyş merkezinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daşoguz» sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýaş nesilleriň göwnejaý dynç almagy üçin amatly şertler döredildi. Möwsümiň dowamynda «Bagtyýar nesil» dynç alyş merkezinde 3 tapgyrda, her tapgyrda 300 çaganyň 20 gün dynç almagy meýilleşdirilýär. Dynç alyş möwsüminde merkezde jemi 900 çaga wagtlaryny şadyýan geçirer. Şeýle hem möwsümiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daşoguz» sagaldyş we dynç alyş merkezinde 5 tapgyrda, her tapgyrda 100 çaganyň 10 gün dynç almagy göz öňünde tutuldy. Möwsümiň dowamynda bu ýerde jemi 500 çaga göwnejaý dynç alyp biler. Bulardan başga-da, welaýatyň bagtyýar nesilleriniň müňlerçesi «Gökderedäki» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde sapaly tomsy şadyýan geçirerler.

Häzirki wagtda dynç alyş merkezleri arassa we ýyly suw bilen doly üpjün edilip, otaglaryň ählisinde sowadyjy ulgamy kadaly işleýär. Merkezlerde çagalaryň wagtlaryny täsirli hem-de gyzykly geçirmekleri üçin ýörite iş meýilnamalary düzüldi. Meýilnama laýyklykda, möwsümiň dowamynda birnäçe medeni-dynç alyş hem-de bedenterbiýe-sport çärelerini, dürli bäsleşikleri, ýaryşlary, welaýatyň gözel ýerlerine, taryhy ýadygärliklerine gezelençleri guramak göz öňünde tutulýar.

Tomusky dynç alyş möwsüminde welaýatdaky «Bagtyýar nesil» çagalar dynç alyş merkezinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daşoguz» sagaldyş we dynç alyş merkezinde tejribeli bilim işgärleriniň bagtyýar nesilleriň sapaly dynç alşyny guramakda yhlasly zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredildi. Bularyň ählisi çagalaryň tomusky dynç alşyna taýýarlygyň talabalaýyk üpjün edilendigini alamatlandyrýar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Talyplar bäsleşdiler
26.12.2025   102
Jemgyýet Watan goragy ygtybarly gollarda
27.01.2026   73
Jemgyýet Halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
04.05.2026   25
Jemgyýet Gatnaşyklary berkitmegiň aýdyň ýoly
14.08.2025   178
Jemgyýet Täsirli gezelenç
06.05.2024   711
Jemgyýet Ylmy-amaly maslahat geçirildi
15.12.2025   100
image