Möhüm möwsüme taýýarlyk
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Möhüm möwsüme taýýarlyk

Ykdysadyýet
05.02.2026  196

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň pagtaçy kärendeçileri her ýyl «ak altynyň» bereketli hasylyny ýetişdirip, oňat netijeleri gazanýarlar. Etrabyň kärendeçi daýhanlarynyň şu ýyl hem gadamlary batly. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda etrabyň babadaýhanlary 30 600 gektarda gowaça ekişini geçirmegi göz öňünde tutýarlar. Sürüm,tekizleme, çil çekmek, dürli dökünler bilen ýerleri gurplandyrmak, ýuwuş suwuny tutmak ýaly möhüm agrotehniki çäreler giň gerimde dowam edýär.

Şeýle hem häzirki günlerde ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak bilen birlikde, ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalary, olaryň tirkeg gurallaryny abatlamak işleri-de guramaçylykly alnyp barylýar. Şu ýylyň ekiş möwsümde etrap boýunça ekijileriň 137,boronalaryň 2065, malalaryň 258 sanysynyň ulanylmagy göz öňünde tutulýar. Her bir güni ýokary netijeler bilen jemleýän etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň işçi-hünärmenleri, tejribeli ussalary abatlaýyş işlerini ýokary hil derejesinde ýerine ýetirýärler. Bu babatda kärhananyň göreldeli ussalaryndan Kerimulla Sarykulow, Baýmyrat Satlykow, Döwran Töräýew dagynyň atlaryny agzamak bolar. Işleriň öz wagtynda, talabalaýyk amala aşyrylmagy şu ýylda hem pagtaçy kärendeçileriň uly zähmet ýeňişlerini gazanmaklaryna mümkinçilik berer.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Ýeralma hasyly ýygnalýar
11.06.2024   373
Ykdysadyýet Galla-2026
15.06.2026   123
Ykdysadyýet «Ak altynda» hümmet bar
31.10.2024   313
Ykdysadyýet Gowaça bejergisi ýokary depginde
10.08.2024   431
Ykdysadyýet Pagtaçy daýhanlaryň üstünligi
04.10.2024   324
Ykdysadyýet Gowaça bejergisiniň depgini ýokary
08.05.2025   255
Ykdysadyýet Ata kesbine eýeren bagban
15.10.2024   350
Ykdysadyýet Tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýyş
23.01.2026   174
image