Mizemez ýörelgä ygrarlylyk
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Mizemez ýörelgä ygrarlylyk

Jemgyýet
15.02.2025  363

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen, golaýda «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň TDP-niň Daşoguz şäher komiteti hem-de Daşoguz welaýat kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. «Parahatçylyk hem ynanyşmak — türkmen diplomatiýasynyň baş ugry» atly şygar bilen geçirilen söhbetdeşlige Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary Ýeňiş Haýtjanow, Ogulşad Durdymedowa, «Daşoguz habarlary» gazetiniň bölüm redaktory Mahym Piriýewa, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň bölüm müdiri Aýsoltan Nurmedowa, partiýa guramaçysy Didar Osmanow, welaýat kitaphanasynyň direktorynyň orunbasary Yhlas Saparow dagy gatnaşdylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasadyndan, halkyň isleg-arzuwyndan, dünýä jemgyýetçiliginiň köňül ykraryndan gözbaş alan buýsançly şygaryň şu ýylymyzyň mazmunynyň düýp esasy bolup dabaralanjakdygy barada uly buýsanç bilen gürrüň edildi. Ýurdumyzyň halkara giňişligindäki ornunyň barha pugtalanýandygyny açyk-aýdyň görkezýän işleriň ählisiniň düýp özeninde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň öz beýanyny tapýandygy dogrusynda nygtalyp geçildi. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň esasynda dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi üpjün etmek, döwletleriň arasyndaky dürli ugurly gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek ýaly meselelerde işjeň çykyş edip, öz başlangyçlaryny hem-de tekliplerini öňe sürýär. Dünýä tejribesi türkmen Bitaraplygynyň gudratyna, gymmatyna, ähmiýetine doly göz ýetirip, onuň adamzat jemgyýetiniň ykbalyna ýetirýän öwrülişikli täsirine, parahatçylyk söýüjilik ýörelgesine uly ynam bilen bil baglaýar. Şeýle esasly çäreleriň aglabasynyň şu ýylymyzy boýdan-başa gurşap aljakdygy, baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý senesiniň giňden dabaralandyryljakdygy barada çykyşlarda täsirli beýan edildi. Bu babatda öňde durýan wezipeler, olary durmuşa geçirmegiň ugurlary barada pikir alşyldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Işjeňligiň döwrebap nusgasy
13.02.2023   596
Jemgyýet Ýaşlaryň döredijilik gözlegleri
28.10.2024   375
Jemgyýet Rowaçlanýan ýörelge
06.12.2025   242
Jemgyýet Şadyýan tomus
17.07.2024   480
Jemgyýet Bilimler dünýäsine tarap ak ýol
19.07.2024   481
Jemgyýet Ylmy-amaly maslahat geçirildi
10.09.2024   489
Jemgyýet Dil öwrenmek döwrüň talaby
23.07.2025   278
image