Miweli baglaryň bagbany
weather dashoguz 19° C Daşoguz

Miweli baglaryň bagbany

Ykdysadyýet
06.08.2026  84

Saçaklarymyzyň bereketini artdyrýan, ata Watanymyzda azyk bolçulygyny döredýän bagbanlarymyzyň päk zähmetiniň rysgal-bereketini görüp, guwanmazlyk mümkin däl. Muňa Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň «Nowbahar» daýhan birleşiginiň Rozumbaý obasynda, Türkmenderýanyň golaýyndaky baglygyň eýesi Mirzabek Kabulowyň gür baglygyny göreniňde ýene bir gezek göz ýetirýärsiň. Bagbany ökde bolan bagyň miweleriniň çeni-çaky bolmaz eken. Günüň nuruna birkemsiz bişen almadyr erik, üljedir garaly miweleriniň şahalara agram berip durandygyny synlanyňda, olara ençeme zähmetiň siňdirilendigine düşünýärsiň:

— Ýaşlygymdan obada bolup, gözümi açyp görenim ekin meýdanlary bolansoň, ene ýere bolan garaýşym başgaça. Çagakam öýümiziň öňünde atamyň baglary timarlap, olara mähir bilen seredişini görüp, bagban bolmagy arzuw ederdim. Atamyň ýanynda bolup, bu kesbiň inçe tilsimlerini öwrendim.

Mirzabek aga ilki miweli baglaryň onlarça düýbüni ýetişdirýär. Soňra bolsa ýurdumyzda döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, 2007-nji ýylda 5 gektar meýdany kärendä alyp, oňa agrotehniki kadalara görä ideg edip, baglaryň ýüzlerçe düýbüni ekýär.

— Häzirki wagtda bu bagda 300-den gowrak miweli baglar bar. Şolaryň 160 düýpden gowragy alma agajy bolup, onuň ýedi görnüşi bardyr. 1 gektar ýerde erigiň 50 düýbi, üljäniň 100 düýbi öz bereketli hasylyny berýär.

«Işlejek usul gözlär, işlemejek bahana» diýlişi ýaly, zähmet çekseň, ýaltalyk etmeseň, islendik netijäňe ýetip bolýar. Kakamyň aýdanlaryndan bilýärin, öňler ähli işler diňe orak, pil, kätmen bilen edilýärdi. Hasyl el bilen ýygylýardy. Bu wagt bolsa köp zat tehnikalar bilen ýerine ýetirilýär. Dökün bolsun, suw bolsun, ählisi döwlet tarapyndan amatly şertlerde berilýär. Baga gelsem işläsim gelýär, dynç alan ýaly bolýaryn. Ir säherden baga tarap ýol alýaryn. Her gün irden girenimde baglar birhili maňa garaşyp duran ýaly, ýetişen miwelerini wagtynda ýygnamasam, öýkeläýjek ýaly duýulýar. Bagyň bag bolmagynda maşgalamyzyň hyzmaty örän uly. Ogullarym Husnuddindir Ruslan, gelinlerim Zilaladyr Sewara, ýanýoldaşym Hafiza irden agşama çenli şu ýerde zähmet çekip, uly ýardam berýärler. Ýaz paslynda bu ýerler has hem gözel görke gelýär. Dürli güller açylýar. Agtyjaklarym bagda hezil edip oýnaýarlar. Olar hem yardamyny aýamaýarlar.

Mirzabek aganyň ýetişdiren bu datly miweleri diňe bir ak bazarlarymyzy bezemän, eýsem, ýaş nesillerde ene topraga söýgi, halal zähmete bolan höwes duýgusyny hem döredýär. Bu günki gün Mirzabek aganyň göreldesine eýerip, bag ösdürip ýetişdirmäge höwesliler kän. Bag ekmek sogaply iş, onuň arassa howasy bolsa güýç-kuwwat berýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Maldarçylykda jogapkärli döwür
01.04.2026   123
Ykdysadyýet Ýeralma hasyly ýygnalýar
11.06.2024   351
Ykdysadyýet Hojalykda ulanylan kädiler
07.07.2025   325
Ykdysadyýet Ajaýyp döwrümiziň rowaç menzilleriB
10.05.2026   142
Ykdysadyýet Guramaçylykly alnyp barylýar
20.06.2026   95
Ykdysadyýet Bereket-bolçulygyň binýady
03.09.2025   250
Ykdysadyýet Işler talabalaýyk guralar
20.05.2025   266
image