Bibinur AŞYROWA,
Daşoguz welaýat çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti:
-Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň giňden bellenilýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary keremli Balkan topragynda giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu goşa baýramçylyga gatnaşmak bagty maňa-da nesip etdi. Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasynda «Görogly» şadessanynyň Harmandäli şahasyndan Harmandäliniň keşbini döretmegim dabara gatnaşyjylar tarapyndan el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Balkan topragynda giň gerime eýe bolan medeni çärelerdir baýramçylyk dabaralary, döredijilik duşuşyklary ýatda galyjy, täsirli pursatlara örän baý boldy. Medeniýetde jady bar, gudrat bar, ol halkyň ruhy dünýäsini özgerdip bilýär. Ynsan kalbyna köpri bolup, dost-doganlyga ýol çekip bilýär. Mähriban Watanymyzda biz, medeniýet işgärleriniň joşgunly, döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Muňa bu günki baýramçylyk dabaralary hem doly şaýatlyk edýär.