Miras
weather dashoguz 19° C Daşoguz

Miras

Jemgyýet
25.02.2025  301

Ikbaşlar

Ene-mamalarymyz haly, palas dokamak üçin, ilki bilen, ik egirýärler. Ik egirmekde ulanylýan ikbaşlaryň hem asyrlaryň çuňlugyna uzaýan taryhy bar. Arheologlaryň ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerinde geçiren gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, dürli görnüşli ikler hem tapyldy.

Ýüze çykarylan taryhy tapyndylaryň arasynda igiň ujuna geýdirilýän, üsti ýasy, aşagy çowly, ortasy deşik enjam bolan ikbaş hem bar. Ol sapaga tow berlende saldam berip, igiň gowy aýlanmagy we tow berlen ýüplügiň berk bolmagy üçin ulanylýar. Irki döwürde ikbaşlary toýundan, keramiki gaplaryň böleklerinden, daşdan we seýrek ýagdaýlarda süňkden ýasapdyrlar. Daşdan ýasalan ikbaşlar tegelek görnüşde, toýundan ýasalanlary ýasy görnüşde bolupdyr. Daş we toýun ikbaşlaryň ýüzüne çekilen nagyşlar hasyllylygy we abadançylygy aňladypdyr. Bular barada taryhy maglumatlarda bellenip geçilýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Geňeşli iliň döwletli tutumy
19.08.2024   308
Jemgyýet Hukuk binýady berkidilýär
14.10.2025   120
Jemgyýet Gymmatly ruhy hazyna
07.01.2026   91
Jemgyýet Taryhy maslahat — geljege nazar
04.08.2025   186
Jemgyýet Gül baharyň waspy
04.03.2026   60
Jemgyýet Halypa-şägirtlik ýörelgesine eýerip
05.07.2024   393
image