Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde yglan eden «Gülüň owadan!» atly bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi. Täze taryhy döwrümiziň çeper elli, zähmetsöýer zenanlarynyň arasynda geçirilýän bu bäsleşik halkymyzyň şöhratly taryhyny, çuň mana ýugrulan pähim-parasadyny, gözel tebigatymyzyň ajaýyp keşbini, nepis keçeleriniň öçmejek güllerine siňdirip, milli senetçiligiň ajaýyp nusgasyny nesilden-nesle geçirýän zenanlarymyzyň çeper el işiniň aýratynlyklaryny açyp görkezmek maksadyna gönükdirildi. Bäsleşige onuň deslapky tapgyrlarynda has tapawutlanyp çykyş eden çeper elli zenanlaryň uly topary gatnaşdy.
Daşoguz şäherindäki «Laçyn» toý mekanynda geçirilen bäsleşigiň bu tapgyry ýokary guramaçylyk derejesine eýe boldy. Toý mekanynyň giň eýwany zenanlaryň ezber ellerinden dörän milli keçeleriň dürli görnüşleri bilen ajaýyp keşpde bezelipdir. Bu bolsa bäsdeş zenanlaryň ýokary ruhubelentlik bilen çykyş etmeklerine uly mümkinçilikleri döretdi. Zenanlar, ilki, milli keçäni taýýarlamak, onuň bilen bagly işleri ýerine ýetirip görkezmek hem-de keçäni taýýarlamakdaky zerurlyklaryň atlary, olaryň ulanyşy barada gürrüň bermek boýunça öz ukyplaryny açyp görkezdiler. Soňra milli hem döwrebap nagyşlaryň esasynda keçe güllediler. Keçe bilen baglanyşykly rowaýatlar arkaly keçäniň nagyşlarynyň döreýiş taryhyny gürrüň berdiler.
Zenanlaryň ýerine ýetiren çykyşlarynda türkmeniň milli keçesiniň ajaýyp nagyşlarynyň taýýarlanyş usullary doly açylyp görkezildi. Bu bolsa ýaşlarda zenan edebini, tebigy gözelligi, türkmen zenanyna mahsus asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemekde, milli gymmatlyklarymyza, ene-mamalarymyzdan dowamat-dowam bolup gelýän ajaýyp el işlerine bolan höwesi artdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy. Baý many-mazmunly geçen bäsleşik welaýatymyzyň zenanlarynyň döwre gatnaşygyny, milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy ösdürmekdäki, ony geljek nesillere ýetirmekdäki asylly zähmetlerini doly açyp görkezdi.
Bäsleşigiň bellenen şertleriniň ählisini ýokary derejede ýerine ýetirip, aýratyn tapawutlanyp çykyş eden toparlar ýeňişli orna mynasyp boldular. Şonda Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň mugallymy Ýazbibi Mämmedowa bilen şäheriň 30-njy çagalar bagynyň terbiýeçisiniň kömekçisi Sülgünjemal Potyýewanyň topary 1-nji orna mynasyp bolup, bu bäsleşigiň döwlet derejesinde geçirilýän tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. 2-nji orna Köneürgenç etrabyndaky 32-nji orta mekdebiň mugallymy Arazgül Otuzowa bilen 20-nji orta mekdebiň mugallymy Almagül Pirnepesowanyň, 3-nji orna Akdepe etrabyndaky 32-nji orta mekdebiň mugallymy Ogulbagt Seýitmedowa bilen etrabyň Andalyp şäher medeniýet merkeziniň sazandasy Gülşirin Toýlyýewanyň toparlary mynasyp boldular.
Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşyjylara TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Dabaraly pursatlaryň dowamynda welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy.