Milli ýörelgeler — ýaşlara görelde
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Milli ýörelgeler — ýaşlara görelde

Jemgyýet
20.06.2024  429

Golaýda şeýle şygar bilen milli däp-dessurlarymyzy, gymmatly ýörelgelerimizi, maşgala mukaddesligini wagyz etmek, ahlak arassalygyny ündemek maksady bilen, Daşoguz welaýat kitaphanasynda söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilen söhbetdeşlige Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Enejan Amanýazowa, TZB-niň welaýat bölüminiň kätibi Leýla Akbaýewa, «Daşoguz habarlary» gazetiniň habarçysy Bazargül Ballyýewa, welaýat RÝNÝ bölüminiň müdiri Altyn Bekiýewa, mährem ene Gülsoltan Saparowa, şeýle hem Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyp gyzlary gatnaşdylar.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan belent tutumly işleriň döwrümizi bezeýändigi, döwletimizi beýgeldýändigi dogrusynda nygtadylar. Şeýle hem ýaşlaryň milli ýörelgelerimize eýerip, maşgala mukaddesligine ygrarly bolmaklary ündeldi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Döwrüň röwşen çyragy
13.01.2026   98
Jemgyýet Ýollarymyz abadan bolsun!
11.09.2025   169
Jemgyýet Berk binýat
07.07.2025   224
Jemgyýet Sport
27.05.2026   38
Jemgyýet Halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
04.05.2026   39
Jemgyýet Milli senenama — durmuş tejribesi
04.02.2026   108
Jemgyýet Mähir ummany
04.11.2025   161
Jemgyýet Gymmaty egsilmejek hazyna
16.10.2025   121
image