Milli ýörelgeler dabaralanýar
weather dashoguz 39° C Daşoguz

Milli ýörelgeler dabaralanýar

Jemgyýet
14.05.2025  298

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň halkara derejesinde geçirýän duşuşyklarynyň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat, şäher we etrap bölümleriniň bilelikde guramagynda, Daşoguz şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde geçirilen söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýata mätäç çagalara berýän kömek-goldawynyň ähmiýeti, gaznanyň diňe bir öz ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlary üçin däl, eýsem, daşary ýurtly çagalar üçin hem berýän hemaýatynyň gymmaty dogrusynda pikir alşyldy. Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň hemaýata mätäç çagalar bilen alyp barýan işleriniň türkmen zenanynyň belent adamkärçilik, mähribanlyk, ýuka ýüreklilik ýaly asylly häsiýetlerini açyp görkezýändigi, bu işleriň ata-babalarymyzdan şu günlerimize gelip ýeten gymmatly ýörelgelerimizi giňden dabaralandyrýandygy barada uly buýsanç bilen aýdyldy. Wise-prezidentiň ýolbaşçylyk etmeginde gözel paýtagtymyzda geçen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň gaznanyň maksadyny has-da çuňlaşdyrmakda, işiniň gerimini giňeltmekde, bu babatda tejribe alyşmakda uly ähmiýete eýe bolandygy nygtaldy. Şeýle hem gaznanyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu ugurda alyp barýan işleriniň çuňňur häsiýete eýedigi bellenip geçildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda şygyrlar okaldy, aýdym-sazlar ýerine ýetirildi. Zenanlaryň sünnäli işleriniň sergisi çärä özboluşly mazmun eçildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Döwrüň röwşen çyragy
13.01.2026   146
Jemgyýet Goşa toýuň şanyna
25.06.2025   266
Jemgyýet Röwşen geljegiň binýady
30.08.2024   547
Jemgyýet Şanly toýa bagyşlanan maslahat
06.12.2025   161
Jemgyýet Durnukly ösüş — eşretli durmuş
05.05.2026   105
Jemgyýet Bagtyýarlygyň buýsançly söhbedi
04.04.2025   362
image