Milli ykdysadyýetimiziň mizemez kuwwaty
weather dashoguz 7° C Daşoguz

Milli ykdysadyýetimiziň mizemez kuwwaty

Ykdysadyýet
15.12.2025  70

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynda uly üstünlikler, giň gerimli ösüşler gazanylýar. Uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýän ýurdumyzda bu pudagy ösdürmek babatda toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda güýçli depginde dowam etdirilýän Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenme döredýär. Türkmenistan – Hytaý, Gündogar – Günbatar gaz geçirijileri sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň berkemegine oňyn täsir edýär. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideriniň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna badalga bermek mynasybetli dabaraly mejlisindäki çykyşynda: «Durmuşa geçirilýän bu möhüm ähmiýetli taslamalar diňe bir oňa gatnaşyjy ýurtlaryň däl-de, eýsem tutuş sebitiň döwletleriniň durmuş-ykdysady ösüşine hem oňyn täsir eder» diýlip, aýratyn nygtalyp geçilýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň nebitgaz senagaty döwrebap ösdürilýär, onuň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Häzirki wagtda bu ugurda dünýäniň belli kompaniýalary, halkara maliýe düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Ýurdumyzda amatly maýa goýum gurşawynyň döredilmegi nebitgaz toplumynda alnyp barylýan işleriň we gazanylýan üstünlikleriň ilerlemegine oňyn şert döredýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Gowaça ekişi — jogapkärli wezipe
11.03.2025   194
Ykdysadyýet Ýeriň berekedi yhlasa bagly
06.05.2025   155
Ykdysadyýet Tohumlyk çigit taýýarlanylýar
10.03.2026   20
Ykdysadyýet «Çeperiň» ilhalar önümleri
31.01.2025   200
Ykdysadyýet Gyzgalaňly günleriň zähmet joşguny
26.08.2025   121
Ykdysadyýet Galla — 2025
24.06.2025   154
Ykdysadyýet Hasyl ussady bilen duşuşyk
29.09.2025   74
image