Milli sportuň dabaralanmasy
weather dashoguz 38° C Daşoguz

Milli sportuň dabaralanmasy

Jemgyýet
08.11.2024  389

Türkmen halky üçin gadyr-gymmaty bilen arzyly, mukaddesligi bilen teperrik «Türkmenistan» diýen söz häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiligi üçin «parahatçylyk», «ynanyşmak», «dost-doganlyk», «hoşniýetlilik» hem-de «ynsanperwerlik» ýaly many öwüşginlerini berýär. Çünki halkara giňişliginde Bitarap Türkmenistanyň bu ugurdaky ynsanperwer we umumadamzat ähmiýetli ýörelgeleridir başlangyçlary belent ykrara eýe bolýar. Berkarar döwletimiziň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi sözümiziň nobatdaky subutnamasydyr.

Bu möhüm waka mynasybetli Aşgabat şäherinde sport çäresiniň ýaýbaňlandyrylmagy, tutuş jemgyýet bolup Saglyk ýolundan geçilmegi, ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarda üstünlik gazanyp, ýaşyl Tugumyzy belentde parladan türgenlerimiziň sylaglanylmagy täze taryhy döwürde milli sportumyzyň galkynýandygyny alamatlandyrdy. Sylaglanylan türgenleriň hatarynda ildeşimiz, Ispaniýanyň Leon şäherinde agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda altyn medala mynasyp bolan, bu ugurda dünýä rekordyny täzelän Şahzadbek Matýakubow hem bar. Oňa Türkmenistnyň Prezidentiniň adyndan «Toyota Camry V6» kysymly ýeňil awtoulag sowgat berildi.

Berkarar döwletimiziň halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlarynyň belent ykrara eýe bolýandygy, şeýle hem bagtyýar ýaşlaryň gazanýan sport üstünlikleri bagtyýar halkymyzda egsilmez buýsanç döredýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ýörelgämiz — sagdyn durmuş
08.04.2026   84
Jemgyýet Dabarasy dünýä dolan Watanym
26.06.2024   425
Jemgyýet Arkadagyň dünýä uzan ak ýoly
19.03.2025   320
Jemgyýet Täze ýylyň şatlykly dabaralary
07.01.2025   330
Jemgyýet Suwda seresap bolmaly!
12.05.2025   295
Jemgyýet Watanyň kuwwatly daýanjy
19.06.2026   52
image