Biziň ata-babalarymyz ýerli howa ýagdaýyna, asman jisimleriniň, Aýyň, Günüň, saýýaralaryň ýerleşişine, hereketine syn edip, köp ýyllaryň tejribelerini ulanyp, halk ýylnamasyny döredipdirler. Bu hasap ekerançylar üçin hem, çarwa-maldarlar üçin hem zerur bolupdyr. Pederlerimiz tebigatda ähli zadyň piri bar hasap edipdirler, ýagny ýagşyň piri Burkut baba, ýeliň piri Mirhaýdar, ekerançylaryň piri Babadaýhan, gök gübürdän wagtlary bulutlaryň aňyrsynda sanajyny kakýan mama we başgalar bilen baglanyşykly yrym-ynançlar, rowaýatlar döräp, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Ata-babalarymyzyň biziň eramyzyň başlaryndan bäri esasy peýdalanan aý-ýyl hasaby — halkymyzyň häzire çenli durmuşda we adamyň ýaşyny kesgitlemekde ulanýan milli müçe ýylnamasy bolupdyr. Haýwanlaryň we guşlaryň atlaryny göterip, her 12 ýyldan gaýtalanyp durýan bu hasap, halkymyzyň esasy ýylnamasy bolupdyr: «Ýyl başy syçan, sygyr, bars, towşan, luw, ýylan, ýylky, koý, bijin, takyk, it, doňuz boldy tamam».
Gündelik durmuşymyzda peýdalanylýan müçe we aý ýylnamasynyň günlerinde, aýlarynda sähetli we sähetsizleri, amatly we amatsyzlary bar. Bu düşünje Ýeriň, Aýyň, Günüň, ýyldyzlaryň hereketleriniň howa ýagdaýyna edýän täsiri netijesinde döräpdir. Beýik seljuk şasy Mälik şa köşgünde uly matematik we şahyr Omar Haýýama asman jisimleriniň hereketlerine gözegçilik etmek üçin ýörite obserwatoriýa gurup beripdir, oňa anyk gün ýylnamasyny, sähetli-sähetsiz, şeýle hem gije-gündiziň doly deňleşýän günlerini kesgitlemegi tabşyrypdyr. Omar Haýýamyň «Nowruznama» kitaby, düzen 365 günden ybarat gün ýylnamasy häzire çenli öz ähmiýetini ýitirenok.
Pederlerimiz pasyllaryň gelşini, howa ýagdaýynyň üýtgemegini ýyldyzlaryň, saýýaralaryň ýerleşişi, haýwanlaryň, guşlaryň, mör-möjekleriň özlerini alyp barşy bilen kesgitläpdirler. Maý aýynda Ülker ýyldyzynyň dogmagy bilen tomus pasly başlanypdyr. Awgustyň ortalarynda Ýaldyrak ýyldyzynyň dogmagy bilen güýz paslynyň gelendigini, oktýabrda Akrap ýyldyzynyň dogmagy bilen gyş paslynyň başlaýandygyna göz ýetiripdirler. «Akrapda ekinleri sowuk urmasa, ahyretde-de urmaz» diýen düşünje häli-häzire çenli halk arasynda ýaşap gelýär.
Milli senenama boýunça häzir kiçi çille döwri bolup, ol 7-nji fewralda tamamlanýar. Şondan soň ahyrky garagyş döwri başlanyp çarwa nowruzyna çenli dowam edýär. Uly çilleden tapawutlylykda kiçi çillede aýazly, gar ýagmyrly günler köp bolýar.