Milli saz sungatynyň mukaddes ojagy
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Milli saz sungatynyň mukaddes ojagy

Jemgyýet
11.09.2026  62

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde ýerleşýän bagşylar muzeýi türkmen halkynyň aýdym-saz sungatyny, baý ruhy mirasyny we bagşyçylyk däplerini gorap saklamakda hem-de dabaralandyrmakda özboluşly, wajyp medeni ojakdyr.

Muzeýiň gaznasynda aýdym-saz sungatyna degişli ýüzlerçe edebi we taryhy eksponatlar saklanýar. Muzeýde halk bagşylarynyň ulanan şahsy goşlary, sazlary ýazylan taryhy göterijiler (gofra diski, magnit lentalary) we saz gurallaryny ýasaýan ussalaryň (gopuz, tüýdük, dutar, gyjak) işleri gazna kabul edilýär. Şonuň ýaly-da, sebitde we tutuş ýurtda yz galdyran meşhur bagşy-sazandalar Magtymguly Garlynyň, Nazar baganyň, Öre şyhyň, şeýle hem Akjagül Myradowa, Sülgün Meretgeldiýewa ýaly şahsyýetleriň ömür we döredijilik ýollary düýpli öwrenilýär we maglumat diwarlyklary taýýarlanylýar.

Muzeýiň sergi zalynda hemişelik sergi guralyp, olarda asyrlar aşan aýdym-saz sungatynyň taryhy görkezilýär. Täze tapylan maglumatlar esasynda möwsümleýin ýa-da meşhur sungat ussatlarynyň ýubileý senelerine bagyşlanan ýörite sergiler hem guralýar. Sebitde geçirilýän aýdym-saz we dessançylyk festiwallaryna gatnaşyjylaryň bu muzeýe gezelenç çäreleri geçirilýär. Bu ýerde sungat mekdepleriniň talyplarynyň we okuwçylarynyň ussat bagşylar bilen geçirýän duşuşyk çäreleri halypa-şägirtlik mekdebiniň dowamlylygyny üpjün edýär.

Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen, bagşylar muzeýiniň alyp barýan ylmy-usuly işleriniň ähmiýeti has-da ýokarlanýar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Wagtlaryny hoş geçirýärler
10.06.2024   422
Jemgyýet «Ýylyň zenany — 2025»
14.02.2025   641
Jemgyýet Garaşsyzlyk — dilimiziň dessany
31.08.2024   1591
Jemgyýet Nurana baýramçylygyň şatlygy
31.12.2024   417
Jemgyýet Şatlyk-şowhuna beslenen dabara
01.06.2026   117
Jemgyýet Dabaraly maslahat
12.09.2025   223
Jemgyýet Dünýäniň nazaryndaky taglymat
17.11.2025   196
image