Milli mukaddeslikleriň şanyna
weather dashoguz 4° C Daşoguz

Milli mukaddeslikleriň şanyna

Jemgyýet
16.05.2024  94

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli, TZB-niň Daşoguz welaýat we Daşoguz şäher bölümleriniň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. «Kalbymda dessanym, dilde aýdymym, belentde parlaýar ýaşyl Baýdagym» diýen at bilen Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen maslahata bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklary, işjeň agzalary, mährem eneler gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler bedew batly ösüşler bilen belent sepgitlere barýan ýurdumyzda toýlaryň goşa-goşadan gelýändigi, onuň hem türkmen bagtynyň çüwmegi bilen düşündirilýändigi barada täsirli gürrüň etdiler. Esasy Kanunymyzyň kabul edilmegi, Döwlet baýdagymyzyň döredilmegi türkmen jemgyýetiniň berkarar döwlet bolmak baradaky maksatlarynyň hasyl bolandygynyň güwäsi bolup, bu goşa mukaddesligiň saýasynda taryhy ösüşleriň başdan geçirilýändigi dogrusynda uly buýsanç bilen nygtaldy. Döwrüň taryhy ösüşlerine laýyklykda, ýurdumyzda amala aşyrylan konstitusion özgertmeleriň döwletiň hem jemgyýetiň bähbitlerini ileri tutmak bilen, ýaşyl Baýdagymyzyň buýsanç bilen parlamagyna uly esas berendigi barada çykyşlarda giňişleýin gürrüň edildi.

Dabaranyň dowamynda şäher medeniýet merkeziniň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary oňa gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Sarpaly bedewler
15.04.2024   167
Jemgyýet Halypa-şägirtlik ýörelgesine eýerip
05.07.2024   99
Jemgyýet Hünärim bar — hormatym bar
03.08.2024   74
Jemgyýet Bag — durmuşyň bezegi
30.10.2024   76
Jemgyýet Wagyz-nesihat maslahaty
24.10.2024   56
Jemgyýet Ýaşaýyş hakynda aýdym
20.05.2024   92
Jemgyýet Ylmy-amaly maslahat geçirildi
10.09.2024   109
image