Milli mirasyň buýsançly waspy
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Milli mirasyň buýsançly waspy

Jemgyýet
17.10.2024  392

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny hem-de türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegini dabaralandyrmak maksady bilen, golaýda Daşoguz şäherindäki «Bedew» toý mekanynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi.

Bäsleşigiň şertlerine görä, oňa gatnaşýan gelin-gyzlar ady äleme dolan türkmen keşdeçilik sungatyny ösdürmäge goşýan goşantlary, keşde çekmäge taýýarlyk barada buýsançly gürrüň berdiler. Ýaka, tahýa, kürte keşdelemek üçin zerur bolan iňňe saýlamak, ýüpek sapaklary işmek, nagyş saýlamak, saljak nagyşlaryna laýyklap ýerligini biçmek we ýerini bölmek ýaly ilkinji taýýarlyk işlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Soňra saýlap alan keşdeleri barada giňişleýin gürrüň berip, olary ýerine ýetirip görkezdiler, şeýle hem öz eden el işlerini geýip görkezip, çeper sözleriň, goşgy setirleriniň, rowaýatlaryň we gazallaryň üsti bilen wasp etdiler.

Bäsleşigiň netijelerine görä, Şabat etrabynyň Sadylla Rozmetow adyndaky şäherçe medeniýet öýüniň tans goýujysy Akmaral Garaganowa 1-nji orna, Köneürgenç etrabyndaky 51-nji orta mekdebiň mugallymy Gülälek Şämiýewa 2-nji orna mynasyp bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Boldumsaz etrabyndaky 59-njy orta mekdebiň mugallymy Selbi Altyýewa, Ruhubelent etrabynyň 1-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Ýazsoltan Dädebaýewa dagy 3-nji orna mynasyp boldular. Bäsleşige gatnaşanlara we ýeňijilere TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Dabaraly maslahat
12.09.2025   207
Jemgyýet Salamlaşmak edebi
21.01.2026   183
Jemgyýet Saglyk ulgamynyň ösüşli menzilleri
10.01.2025   402
Jemgyýet Il saglygy — ýurt baýlygy
03.04.2026   115
Jemgyýet Arzyly törleriň bezegi
09.07.2026   89
image