Milli miras
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Milli miras

Jemgyýet
19.06.2025  226

Kejebe

Halkymyz irki döwürlerden bäri gelin toýlaryny uludan tutup, şatlyk-şowhunly geçirýär. Gelin toýunyň aýratynlyklarynyň biri-de kejebedir. Türkmen toýlarynda kejebäniň ähmiýeti örän uly bolupdyr. Kejebe gelin alnanda, gelni atasy öýünden mündürip alyp gaýtmak üçin düýäniň howudynyň üstünde jaýlaşykly oturar ýaly ýörite bezelip gurnalan çadyrdyr. Kejebe ökde agaç ussalary tarapyndan taýýarlanylypdyr. Onuň üsti berk agaçdan gümmezli, içine hem gelin bilen ýigidiň ýeňňesi ýerleşer ýaly iki adamlyk edilip ýasalypdyr. Kejebäniň içine haly düşelip, onuň daşy hem dürli haly önümleri hem-de kejebelikler bilen bezelipdir. Kejebäniň girelgesine tutulýan tuta «ýele» diýilýär.

Halkymyz toý tutmakda milli däplere eýerip, ynanç-ygtykatlary berk berjaý edýär. Ýöne wagtyň geçmegi bilen, däp-dessurlarymyza döwür bilen aýakdaş täze röwüş çaýylýar. Häzirki wagtda hem gelnalyjynyň ulagyny bezemek toýuň esasy däpleriniň biridir. Ony zerewşan matalardyr milli şaý-sepler bilen kemsiz bezeýärler. Ozallar hem gelnalyjy üçin kejebeli düýäni dyzlyklar, alajalar reňkli mata bölejikleri bilen bezäpdirler. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan «Kejebe» sözi häzirki wagtda hem halkyň arasynda ýörgünlidir. Gelin toýlarda «Kejebä gatnaşmak», «gelniň kejebesi geldi» diýen ýaly jümleler häli-şindi aýdylýar. Ajaýyp döwrümizde kejebeler bezelip, toýlar-toýa ulaşsyn! Halkymyzyň abadan we bagtyýar ýaşamagy üçin taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Meňzeş habarlar

Jemgyýet «Magtymguly diýip adym tutsalar...»
06.01.2025   301
Jemgyýet Sapaly dynç alyş möwsümine badalga
01.06.2026   15
Jemgyýet Igdeli gürrüň
28.08.2025   180
Jemgyýet Asyra ulaşan ömür
21.10.2024   362
Jemgyýet Merdanalygyň belent nusgasy
08.05.2025   242
Jemgyýet Kömelek — hem tagam, hem şypa
30.04.2026   51
image