Golaýda şeýle at bilen Daşoguz şäher häkimliginiň TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesi bilen bilelikde guramagynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahata il sylagly ýaşulular, mährem eneler, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri hem-de şäheriň dürli pudaklarynda zähmet çekýän adamlar gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler il-ýurt üçin bitirilýän beýik işleriň mertebä mynasyplygy, bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk göreldeleri, milli gymmatlyklarymyz, maşgala mukaddesligi, ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek, sylag-hormatlylyk, arassa ahlaklylyk ýaly ýol-ýörelgelerimiz barada giňişleýin gürrüň etdiler.